"SÖZLER KÖŞGI"


Başlygyň gul ýaly işlemegiňi islär, maşgalaň özleriniň isleýişi ýaly biri bolmagyňy islär, söýgüliň bolsa elmydama üýtgemegiňi islär.
Hiçkim seni öz bolşuň ýaly bolmagyňy islemez. Herkim öz tarapyndan garaýar saňa, şeýlelik bilen ynsanogly büs-bütin başga biri bolýar.
-Emma siz diňe özüňiz boluň, sebäp bu wagtlaýyn durmuş siziňki, diňe siziňki !

DÜNÝE- Optimistleriňki, Pissimistler bu ýerde diňe tomaşaçy.
(Optimist-her kynçylykda mümkinçiligi görýär. Pissimist-her bir mümkinçilikde kynçylygy görýär.

Herkimiň öz ýeri bar ýüregimizde. Biriniň aşagy çyzylan, biriniň üsti...

Owadanlyk diňe bir tanyşmaklyk üçin gerek. Ömrüň üçin bolsa adam gerek.

Iň gowy sapaklary biz ýalňyşlyk etmek bilen alýandyrys. Geçmişiň ýalňyşlyklary, geljegiň paýhasydyr.

Durmuş edil oýun ýaly. Eger bir planyň ýok bolsa, başgalaryň planlarynyň bölegi bolarsyň.

Gözleriňiz aç we 10 sekunt soňra öljegiňi bilýän ýaly ýaşa. Dünýäni görjek bol, ol kärhanada öndürilen we pul bilen satyn alynýan ähli arzuwlardan owadan.

Pul üçin iş gerek.
Iş üçin diplom gerek.
Diplom üçin Uniwersitet gerek.
Uniwersitet üçin hem pul gerek.
Nirden gelip çykdy bu syỳasat ))
1 лайков 118 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
21 сен 2023, 19:13
su gunin in gowy mowzugy berekella