⬛◼◾▪◾◼⬛
Şu gün ilkinji gezek ýazmak isledim. Sebäbi bu tanyş ýollar ýene seni ýatlatdy.
Ilkinji duşuşuk. Tolgunmakdan, aljyramakdan ýaňa nädermi bilmän durşum göz öňümde janlandy. Gözleriň, aýdan sözleriň hat-da geýen eginbaşyňam hakydamda galypdyr. Ýene senli pikirlere berildim, seni çynym bilen tanamak isledim. Sen edil şu pursadam ilki başda tanyşanmyzdaky ýaly gyzykly bir kitap meniň üçin. Şu duýgumy hiç düşündürüp bilmen saňa. Ine, gyzykly bir kitap okap başlaýaňa?! Ähli zady unudup, durkuň bilen şondaky wakalara berilip, töweregiňdäki ähli zatlary unutýaňa, ana sen birzatlar gürrüň bereniňde şeýle duýgy bolýardy mende. Hiç zat gürlemän seni sagatlap diňläp biljek derejede gyzyklydyň maňa. Sen häzirem gyzykly, seni tanaýjak biri bilen söhbetdeş bolanymda hökman sen hakda soraýan. Soraýanam-da ýene bolşumdan özüm utanýan. Indi çaga däldigime garamazdan özdiýenli, kejir, gepe düşmez çaga ýaly duýgularmyň yzyndan gidibereslem gelýär. Saňa tarap ýollaryň ählisiniň meniň üçin baglydygyny, senden maňa güler ýüz ýokdugyny, kalbyňda meniň üçin iňňäň gözi ýaljak orun ýokdugyny özüme düşündürüp bilmänem örtenýän. Belki senem bir gün meni ýatlarsyň. Belki şu wagtlaram ýatlaýansyň-da gedemligiň, özüňe aşa göwniýetijiligiň üstün gelýändir. Belki-de hooo gürleşen, görüşen wagtlarmyzam üns bereniňe ýa-da wagt gidireniňe degmeýän biri bolandyryn seň üçin :(
Häzirem ýatlamalara berilip näçeräk oturanymy bilemok. Seni ýatladym. Ýene-de seni göresim geldi. Bir wagtlar suratyňy alypdym telefonuma, seredip seredip ýene pozmana dözmänem goýdum. Gaharly, gaşlaryň çytylan men tarapa hat-da gözüň gytagy bilenem seretmän telefona güýmenen bolup oturşuň göz öňüme gelse häzirlerem özümi oňaýsyz duýýaryn. Sen mamla! Boýun alýaryn. Uzak bolmadyk şujagaz ömrümde gaty köp ýalňyşlyklar goýberip ýetişipdirin. Seniň arkaňdan gaty köp zatlara düşündüm, ählisi üçin saňa minnetdar.
Häzir meniň durmuşumda ýokluguňa garamazdan senli pursatlaň hiç biri ökündürenok, gynandyranok meni. Seniň bilen görüşen günlermizdäki wagty unudup gaýtmana wagt bolanynam duýmaýşym ýaly ýatlamalara pikirlere gümra bolup wagtyň gije ýarymdan aganynam duýmandyryn. "Sen kalbymyñ soltany" ýa "Sen ýüregimiň eýesi" diýsem "Sensiz ýaşaýşyň gyzygy ýok, sensiz durmuşum manysyz" diýsem has ulaltdygym, gözden çykgynç ýalan sözledigim bolar. Aslynda seň ýigreneniň ýalan söz dälmidi? Ýöne bilmegiňi isleýän sen meň durmuşumuň bir bölegisiň. Senli ýatlamalary unutman.
Näme üçindir şu gün ýazmak isledim. Şu ýaşyma çenli nämedir bir zat ýazmak barada pikirem etmändim. Belki-de ýüregimi birine açasym gelendir. Senli wakalary kimdir birine gürrüň bermek isländirin. Ýöne o wakalary kimdir birine däl iň ýakyn jorama ondanam eziz uýamada aýdyp bilmen, ejap ederin. Şoň üçünem ýazmak isledim.
Bellik: nädogry düzülen sözlemler, nädogry ýerde ulanylan dyngy belgiler şeýle-de harp ýalňyşlary üçin ötünç soraýaryn.
1:31
10.08.2022 ý.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.