Iýmäni we taýynlamany halaýanlar üçin
Şu gün saýtda ilkinji günüm (köp wagtdan bäri saýda gelýän ýöne agza däldim). Hemmäñize günüňiziň şowly geçmegini arzuw edip size süýji zatlardan hödür-kerem etmekçi. :) Degişýänle. Käşgä şeýle edip bolýan bolsa siziň ähliňizi çaýa çagyrardym. Indi gepi uzaldyp oturmaýynla mähriban zenamlarmyza süýji tagamlaryň taýýarlanşyny öwretmäne girişeýin.
Rogalik köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary:
150 gr mesge ýagy
1 sany ýumurtga
50 ml süýt
50 ml ösümlik ýagy
100 gr şeker
un
şeker tozy (kökelere sepmek üçin)
bal (erik, alma islege göra)
gabartma tozy, wanilin
Taýýarlanyşy / bişirilişi
Otag ýylylygndaky mesgäni, ýumurtgany, süýdi, şekeri, ýagy bir gapda gowja garmaly. Soňra uny, gabartma tozyny we wanilini garyp eliňe ýapyşmaýan yumşajyk hamyr ýugurmaly. Hamyry morozilnikda 25-30 min pakeda salyp goýmaly. Taýýar bolan hamyry 4 zowala bolmeli. Zowalaň birini alyp tegelek edip gaty ýuka dal görnüşde ýaýmaly 8 bolege üçburç gornüşde kesmeli. Soňra içine balyny goŷup üçburç hamyryň yasy gapdalyndan iki tarapyny içine epläp barmagyňyz bilen togalapjyk rogalik görnüşini emele getirmeli. Hamyr örän näzik pytrayan hamyr bolany üçin seresaplyk bilen bükmegňizi maslahat berýän. Rogalikleri galyba salyp 25-30 min. gyzarýança bişiriň. Bişip sowandan soň şeker tozuna bulasaňyz has işdä ýakyn hem-de lezzeli bolar. Işdaňiz açyk bolsun!
Zenanlarmyzy aşhana gyzyklandyrýandyr diýip umyt edýärin. Süýjülükleri, tortdur keksleri bişirmäne, salatdyr naharlary taýynlamana höwesliler bardyr diýip oýladym.

24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.