Iýmäni we taýynlamany halaýanlar üçin

Napoleon (napalýon) tort, hoz we sguşýonkaly krem bilen , örän lezzetli , agzyňda ereýär. Krem gowy edip siňer ýaly öňünden taýynlamany unutmaň.

Içindäkiler :

250 gram mesge
2 skatan un
1 ýumurtga
2 çemçe limon sogy
1/2 stakan sowuk suw

Krem üçin:
400 gram sguşýonka (1 banka)
200 gram mesge
200 gram hoz

Taýynlanyşy / bişirilişi

Ýarym stakan suwa limonyň sogyny goşup ýumurtga bilen garmaly. Uly jama mesgäni salyp dogramaly. Un we limonly garyndyny azajykdan goşup garmaly, hamyr etmeli. Hamyry 8 şarige bölüp 1 sagat holodilnikde goýmaly. Her şarigi un sepip ýagly kagyzda ýaýmaly we wilka bilen dürtmeli. 180 dereje gyzdyrylan duhowkada takmynan 15 minut owadan altyn renk bolýança bişirmeli. Korž bişen soň sowamanka tarelka goýup owadan tegelek edip kesmeli, galanyny külke etmeli tortyň üstüne seper ýaly. Kremini taýynlamaly. Ýumşan mesgäni mikser bilen garmaly, sguşýonka goşmaly we birmeňzeş krem bolýança garmaly. Hozy bir pakede goýup oklow bilen owratmaly. Her gatlagyna krem çalmaly we hoz sepmeli. Iñ üstdäki gatlagy krem çalyp hoz sepen soň owradylan külkesinden sepmeli. Şeýle hem tortyn gyralaryna külke sepmeli. Torda krem gowy edip siňer ýaly holodilnikde azyndan 8 sagat goýmaly.



Ýene bir napoleon görnüşi (özümä Köplenç şu usulda edýärin).

Içindäkiler :

250 gr mesge
5 ýumutga
2/3 stakan un

Kremi üçin :
400 gram sguşýonka
150 gr mesge


Taýýarlanyşy

Ýumurtga bilen gowşak halda duran mesgäni ýumşajyk hamyr etmeli. Taýyn hamyry böleklere bölüp goýmaly we kremini taýynlamaly. Ilki mesgäni mikser bilen garmaly we sguşýonkany goşup gowy garmaly. Soñra hamyry ýaýyp 250 derejede gyzyp duran duhowkada bişirmeli. (gaty gyzardamok. Ýumşak bolsa halaýan özüm. Gyzardygyça hamyr gaty bolup bişýär) gyzgynlygyna kremini çalmaly has gowy siñişer ýaly. Iñ ýokarky gatlagyny islegiñize görä bezap bilersiňiz. Şakolad gyryp sepseňizem, kakos bölejikleri bln bezeseňizem ýa şokoladly sowus bln şekil berseňizem bolar.

* hamyry bir deňlikde ýaýyp bilýän bolsaňyz gyralarny deňläp kesmeseňizem bolar. Ulyly kiçili deňsiz ýaýsañyz hökman gyrasyny deňläp kesmegi unutmaň!
2 лайков 226 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
19 авг 2022, 12:18
Iýmäni halaýan welin...
Ejegyz.
19 авг 2022, 12:19
Iýmäni halamaýan adam barmy näme?!
Heý millet! Hany iýmegi halamaýanyňyz barmy?!
Güljemal
Автор 19 авг 2022, 12:50
@Ejegyz. Taýynlamany, bişirmäni halañokmy? Zenan üçin bu örän zerur hasaplaýan özümä. Üýtgeşik birzatlar etmeseňem adaty naharlary bir bilmeli.
Ejegyz.
19 авг 2022, 13:09
Taýynlap bilýän her dürli tagamy,ýöne ýaltanýan.
19 авг 2022, 18:56
Gyzardygyça hamyr gaty bolup bişýär) gyzgynlygyna kremini çalmaly has gowy siñişer ýaly. Iñ ýokarky gatlagyny islegiñize


Krem eremeÿämi?