Blinçik dolama



Içindäkiler — Blinçik dolama taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
300 gram üwelen et
1 sogan
3 bolgar burç
1 diş sarymsak
Ukrop, petruşka
Duz, burç
Suýuk ýag
Hamyr üçin:
1 stakan kefir
1 stakan un
1 stakan suw
2 ýumurtga
1 çemçe şeker
2 çemçe suýuk ýag
Hamyr gabardyjy paraşok
Duz
Daşy üçin:
1 ýumurtga
Galata uny, duzly köke ýa-da suhari owuntygy
Suýuk ýag
Taýynlanyşy / bişirilişi
Ilki bilen blinçik edeli. Bir gapda ýumurtgany mikser bilen garmaly, duz goşmaly. Gaýnak suw haýaldan goşup garmaly. Gatyk goşup garmaly. Un bilen gabardyjyny aýry gapda garyp azajukdan hamyra goşup garmaly. Şeker we ýag goşup ýene garmaly. Aşagyna ýelmeşmeýän skowarodkada blinçigi iki ýüzüne owürüp bişirmeli. Mende 8 sany blinçik boldy.
Içine goşmaly sogan, bolgar burç we otlary dogramaly, üwelen et bilen gowurmaly.
Blinçigiň içine etli garyndyny goýup iki gyrasyny içe epläp rulet edip oramaly. Ýumurtga we galata unyna bolap ýagly skoworodkada gyzartmaly. Gaýmal bilen saçaga goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!
1 лайков 103 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enegul
14 фев 2022, 12:59
???