Iýmäni we taýynlamany halaýanlar üçin

Hamyr ýowurmak islemeýänler üçin taýyn lawaşdan towukly somsa resepti. Somsalary isleseňiz duhowkada ýa-da skawarodkada gowurup bilersiňiz.

Içindäkiler:

200 gr towuk
1 sogan
1 kartoşka
100 gr peýnir
4 list lawaş
1 ýumurtga
ukrop, petruşka

Taýýarlanyşy / bişirilişi

Towugy gowy edip ýuwmaly we derisi süňki bilen suwly gazanda 20 minut orta otda gaýnatmaly. Bişen soň derisini süňkini aýyryp dogramaly. Kartoşkany we sogany ownuk dogramaly we biraz ýag bilen gowurmaly. Peýniri we otlary ownuk dogramaly we ahli önümleri islegiňe görä duz we burç atyp garmaly. Lawaşy 7/9 santimetr ýogynlykda uzyn edip kesmeli. Içine bir çemçe taýynlan garyndymyzy goýmaly. Lawaşyň galan ýerine ýumurtga çalmaly we üçburç şekilde eplemeli. Üstüne hem ýumurtga çalmaly. künji sepeleseňiz hasam görnüşi owadan bolar. Somsalary 150 gradus duhowkada 10/15 minut gyzarýança bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
4 лайков 247 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
13 авг 2022, 05:18
7/9сантиметр егынлыкда узын эдип кесмели? Говы душунмедим шу ере. 7/9см узынлыкда ,егынрак эдип яймалымы?
Ahmal
13 авг 2022, 05:30
kwadrat kelle,
İni 7 uzunlygy 9 dyrda
#B.S
13 авг 2022, 05:59
Aýtmadyňow hä? :)
S❤
13 авг 2022, 06:22
Lawasy dukandaky yaly elde etsen ozune arzan dusya.
LIDER
13 авг 2022, 10:22
Adana dürüm
Güljemal
Автор 13 авг 2022, 12:43
@kwadrat kelle. Taýyn lawaş 1 paketda 4 sany bar içinde. ýaýylan ýöne şony uzyn zolak görnüşde kesmeli. Pişmelik hamyry ýaýylyp keseligine uzyn zolak edilip kesilýärä ana şeýle.