Täsinlikler

"OK" sözi dünýäde iň ýörgünli söz hasaplanýar.
***
Çingiz han jynsy gatnaşyk etýän wagty aradan çykypdyr.
***
Pişikler metjide girizilmäge rugsat berilen ýeke-täk jandardyr.
***
Hormatly öý eýeleri!
Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş edýäris, BIZI ÖLDÜRMÄŇ!
Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap, hyýaryň gabygyny goýsaňyz, men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek ýa-da ýönekeý okuw tagtasy heki bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony owunjak dograp, girýän ýerleriňize goýsaňyz, biz düşüneris we girmeris. Mundan başga-da, eger sizi birahat etmeýän bolsa, penjiräniň gyralaryna sarymsak çalyp bilersiňiz. Biz sarymsagyň ysyny alan ýerlerimize-de girmeýäris.
Ýöne, haýyş edýäris, çaga pudrasyny sepmäň. OL BIZI ÖLDÜRÝÄR, pudra biziň dem alyş ýolumyzy ýapýar.
Eger siz bulary etseňiz, biz sizi hiç hili birahat etmeris.
Ýöne, unutmaň, öýüňize salmasaňyz hem, gapyňyzyň öňüne bir gap suw goýsaňyz, kiçijik dostlarymyň adyndan size minnetdar bolaryn…
GARYNJA
***
Eger-de Google işleýän işgäri ýogalsa onda onuň aýaly 10 ýyl dowamynda aýlygynyň ýarymyny alyp durýandyr. Çagalary bolsa 19 ýaşyna ýetýänçä aýyna $1000 tölenýär.
***
Germanuýada lukman bolmak üçin 11 ýyl okamalydyr.
3 лайков 328 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
19 авг 2022, 14:07
"Çingiz han jynsy gatnaşyk etýän wagty aradan çykypdyr."

Şuny tassyklaýan ýekeje maglumat barmy?!
Hiayress
19 авг 2022, 14:08
"Pişikler metjide girizilmäge rugsat berilen ýeke-täk jandardyr."

Nämäsi täsinmiş?!
Ayjahan
Автор 19 авг 2022, 14:40
Hiayress,
Bilemok
Hiayress,
Aý indi girizilýän eken şolar metjide
Şamuhammet
19 авг 2022, 15:24
''Çingiz han jynsy gatnaşyk etýän wagty aradan çykypdyr.''

Artybyny bir çykaryp ýetişdimikä, ýa kak popal gidiberdimikä? ???
Şamuhammet
19 авг 2022, 15:28
Hiayress
"Çingiz han jynsy gatnaşyk etýän wagty aradan çykypdyr."

Şuny tassyklaýan ýekeje maglumat barmy?!


Taryhy maglumatlary yzarlaý taparsyň!
Şamuhammet
19 авг 2022, 15:29
Hiayress
"Pişikler metjide girizilmäge rugsat berilen ýeke-täk jandardyr."

Nämäsi täsinmiş?!


Täsin zady haýwan getirmek bolanok metjide!
Şamuhammet
19 авг 2022, 15:29
Bir pişigiň salynmagy täsin!
Hiayress
19 авг 2022, 16:12
Jeksparro

Çingiz hanyň ölümi barada müňe golaý gipoteza bar. Biri atdan ýykylyp ölüpdir diýse, ýene biri zäherlenip ölüpdir diýýär, biri ýaralanyp ölüpdir diýse, ýene biri kesele duçar bolup ölüpdir diýýär, käbiri hem ýokardaky ýaly jynsy gatnaşykda wagty ýa-da ýyldyrym urup ölüpdir diýen teoriýalaram öňe sürýärler. Onsoň haýsy birine ynanjak?!
Hiayress
19 авг 2022, 16:14
Jeksparro
Täsin zady haýwan getirmek bolanok metjide!


Nämäsi täsinmiş onsoň?! Günäsiz adamy türmä basmagam bolanok, basyp ýörler, bu-da indi täsinlik bolýarmy?!
#B.S
19 авг 2022, 16:26
Hiayress,
Hiç haýsyna ynanmada menýaly onuň bolmadygna ynan! :)
Şamuhammet
19 авг 2022, 17:00
Hiayress
Jeksparro
Täsin zady haýwan getirmek bolanok metjide!


Nämäsi täsinmiş onsoň?! Günäsiz adamy türmä basmagam bolanok, basyp ýörler, bu-da indi täsinlik bolýarmy?!


1-njiden seniň ýazan ''Nämäsi'' diýen söziň türkmen diliniň grammatikasyna gabat gelenok. ''Nämesi'' diýseň onda boljak! Ýa ''Nämesi'' diýjek bolup ýalňyşyrak ýazansyň öýtsemem bu bir däl!

Çingiz hanyň ölümine degişli ''diýýärler'' däl-de original taryha daýanmaly we şony bilmeli...

Günäsiz adam bilen pişigiň metjide getirilip getirilmezligini garyşdyrman geleli esasy tema....

Metjide musulmanlaryň gözünde haýwan getirmek bolanok diýilýär. Pişigiň getirilmegi bolsa täsin diýýär. Şuňa düşünýänsiň-ä!
Şamuhammet
19 авг 2022, 17:10
Khanture
Hiayress,
Hiç haýsyna ynanmada menýaly onuň bolmadygna ynan! :)


Çigis han gelipdir sowukdan diýip bir gipoteza ynanyp ýören däldirlerlaý adamlar :)
Maksat
19 авг 2022, 17:35
Talyplarda bir teswir ýadyma düşdi. "Welaýatlardan Aşgabada işlemäge gelen bir ýaşy ulurak adam jynsy gatnaşyk edip ýatyrka aýagy toga sime degip tok uryp ölüpdir" diýip bir agza ýazypdy:). Çingiz hanam başagaý bolup ýatyrka ýylan zat çakan bolaýmasyn.
Maksat
19 авг 2022, 17:38
Pişikli aýdylan geñ eken inni howlusynda pişik daşlap ýören görsem metjide girsede bolýamyş degme diýerin. Eşitmändim öñ, öllürseñ günä diýýäler welin...
Ayjahan
Автор 19 авг 2022, 18:38
Sxunca mowzuk yazypsynyz))) birje layk gelaymela :)) (sudka)
Gauzen
19 авг 2022, 20:39
AySa
Sxunca mowzuk yazypsynyz))) birje layk gelaymela :)) (sudka)

*Teswir :)
Ayjahan
Автор 19 авг 2022, 21:27
Gauzen,
xexx) teswir*
Şamuhammet
19 авг 2022, 21:49
Bayker
Talyplarda bir teswir ýadyma düşdi. "Welaýatlardan Aşgabada işlemäge gelen bir ýaşy ulurak adam jynsy gatnaşyk edip ýatyrka aýagy toga sime degip tok uryp ölüpdir" diýip bir agza ýazypdy:). Çingiz hanam başagaý bolup ýatyrka ýylan zat çakan bolaýmasyn.


Men açdym öýdýän şony. Ýöne awtory men däl!!!