Garynjadan hat...
Hormatly öý eýeleri!
Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş edýäris, bizi öldürmäň!
Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap, hyýaryň gabygyny goýsaňyz, men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek ýa-da ýönekeý okuw tagtasy heki (мел) bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony owunjak dograp, girýän ýerleriňize goýsaňyz, biz düşüneris we girmeris. Mundan başga-da, eger sizi birahat etmeýän bolsa, penjiräniň gyralaryna sarymsak çalyp bilersiňiz. Biz sarymsagyň ysyny alan ýerlerimize-de girmeýäris. Ýöne, haýyş edýäris, çaga pudrasyny sepmäň. Ol bizi öldürýär, pudra biziň dem alyş ýolumyzy ýapýar.
Eger siz bulary etseňiz, biz sizi hiç hili birahat etmeris.
Ýöne, unutmaň, öýüňize salmasaňyz hem, gapyňyzyň öňüne bir gap suw goýsaňyz, kiçijik dostlarymyň adyndan size minnetdar bolaryn...
GARYNJA
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.