_Bayat atly okyjymyň sowalyna jogap

Hormatly okyjym _Bayat, siziň sowalyňyza berjek jogabym biraz uzynrak bolany üçin jogabymy ýörite makala edip taýýarladym.
_Bayat okyjymyň sowaly:
Dost şu duşuşuga gitmezimden öň sarymsak iýip gidýän welin zyýanly, erbet gylykly gyzlardan goraýa gerek şol sarymsak. Kesel zyýanly zada dogrumy? Käbir kesellerden goraýara sarymsak. Indi şu gyzlaryňam zyýanlysyndan gorasa gerek meni. Şu babatda edýän herekedim dogrumyka? (sarymsak mikroplardan, keselliklerden, gripden goraýada tw-de hem aýdyp dura hepdäň 7 güni sarymsak we sogan iýmeli diýip)
Teswirim:
Indi seret hormatly okyjym, sowalyňa dogry düşünen bolsam sen duşuşyga gideniňde erbet niýetli gyzlardan goranmak isleýäň. Munuň üçinem sarymsak iýýäň. Size dogrymy aýtsam hormatly okyjym, sarymsak iýmek peýdaly, içegelere, immuntete peýdaly, keselden gripden goraýar. Emma sarymsak seni bu erbet niýetli gyzlardan goramaz. Seniň isleýän zadyň erbetlikden goranmak bolsa munuň üçin doga okap bilersiň. Ýöne mundan başgada gyzyň niýetiniň erbetdigini ýa-da däldigini bilmek üçin käbir ýollar bar. Munyň iň ýönekeý mysaly-gürrüňdeşlik etmek. Biri bilen gürrüňdeş bolup ol barada kän maglumatlar alyp bolýar. Şonuň gapdalyndan hem onuň niýetini hem bilip bolýar. Emma bu diňe gürrüňdeşlik bilen çäkli däl. Aşakda 4 ýol arkaly gyzyň niýetini, hakyky ýüzüni bilip bilersiňiz:

1.Kyn günüňde seni goldaýarmy?
Kyn güne düşeniňizde ony barlap bilersiňiz. Eger onuň erbet niýeti ýok bolsa we size üns berýän bolsa size derrew kömege geler. Eger size üns bermeýän we sizi halamaýan bolsa size diňe "bolýar" diýýär ýöne töwerekde hiç-haçan görünmeýär. Bulardan daşda durmaly
2.Başga gyzlar bilen gürleşeniňde senden näme hakda gürleşendigiňizi soraýarmy?
Siz başga gyzlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda ýa-da gyzlar gelip siziň bilen gürleşende ol senden näme hakda gürleşendigiňi soramasa, gyzyklanmasa, hiç-hili üns bermese onda ol saňada şol derejede üns bermeýär. Bulardanam daşda durmaly
3.Erbet günüňde saňa kömek edýärmi?
Iň ýönekeý mysal bir şaý-sebäp bilen erbet ýagdaýa düşseňiz, munam gyza aýtsaňyz gyz sizi köşeşdirmän, goldaman gaýtam, "şonda saňa kim etdi diýdi? şony edip näme bar?!, beýtmeli däl ekeniň" ýaly zatlar aýtsa daşda durmaly gyzlara bulam goşuldy
4.Siziň diňe "Ýok" diýmegiňize nähili garşylyk berýär?
Bu iň möhüm ýeridir. Mysal üçin sizden diňe birzatlar sorap dursa. Birine diňe "ýok" diýmek bilen onuň hakyky ýüzüni aýan edip bilýäris. Eger-de ol siziň "ýok" diýmegiňize razy bolup, azar bermän sorag soramasa ol sizi halaýar ýa-da size üns berýär diýmekdir. Emma käbirleri sizi ulanmak isleýän bolsa siziň "ýok" diýmegiňize köp çydamaz we ol sizi terk edip başgalarynyň gözlegine çykýar

Ýokarky 4 ýol arkaly bir gyzyň(ýa-da islendik biriniň) hakyky ýüzüni aýan edip bilersiňiz. Eger siz bu 4 ýoldan birine duş gelseňiz, size aýtjak maslahatym olary terk ediň we olardan daşda duruň! Çünki bular ýa sizi ulanmak isleýär ýa-da başga bir erbet niýeti bardyr.

Taýýarlan ┇ ZENAN AWÇYSY
0 лайков 222 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
06 апр 2023, 07:45
Näçe ýaşyňda sen, ZENAN AWÇYSY?
Edepli Gödek
06 апр 2023, 07:56
Hormatlap mowzuk açanyň üçin ilki bilen uly sagbolsunymy birinji teswirim arkaly ýetirmek isleýän eger teswirimi okaýan bolsaň onda ýetendigidir.
Гость
06 апр 2023, 07:59
Beýlede wyr sadalyk bolar eken
Edepli Gödek
06 апр 2023, 08:29
Indi bolsa global krizisi çözmek üçin esasy meselä geçeliň. Oýun edýändirin. "Global krizis" diýip makalaň(yňyzyň) üstünden güldügim däldir. Çypalak-çynym! Ýo sarymsak meni erbet gyzlardan gorap biler. Baýam gorar, beterem gorar, gatam gorar, ýamanam gorar. Nädip diýip soraýaňmy? Howwamy? Howwa bolsa ine şeýle gorar: sarymsak iýip duşuşuga barsam (indi özümem synap görmekçi şuny nesip bolsa?) sada göwünli gyz bolsa kän göwnüne almaz.  Diýerindä: Eý meniň melek ýüzli Agaýunusyň neslinden gaýdan peri-peýkerim, gije düýşüme girip, gündiz sms ýazyp günüme goýmaýan (aý, beý diýsemä bolmaz) gündiz elime telefon alyp ö-züm saňa  sms ýazyp durmasam ýüregimi gursagymda däl Dubaida ýaly duýýan, gijeler seň "indi goýaýaýaly ezizim telefony ertir ir turmaly mekdebe gijä galýan" diýen Marilin Monuroň sesini dagy o-o-o goňşy obada galdyrýan sesiňi eşitmesem uklap bilmän çabalanyp çykýan gijesi bilen, ýassygymy Makgygirrik, (Konora bir dos oglan şeý diýýän ekenlaý) özümem Habib ýaly duýup Habibiň bar güýjini jemläp Makgygirrigi boguşyndan bäş beter edip ýaman hala düşýänleý. Karoçim şeýleräk öwgüli sözleri aýdyp soňundanam gripläp ýörünläý şu günler şoň üçin gribiň wiruslary duşuşugymyz sag-aman sowýançak saňa geçmesin diýip iýip gaýtdym diýsem dogry düşünerä maňa dogry dämi?
Edepli Gödek
06 апр 2023, 08:30

06 апр 2023, 08:44
A eger ol gyz birden erbet, hondan bärsi, özüni Ýupiterden asýan, hazirki moda sözleri ulanýan "Edenimi ediýän siaňa niäme-e-ý!?..?..?!?¿" diýip tasarlyp, eljiräp duran, ýantaşmaly däl gyzlardan bolsa ol meň sarymsak iýip gelenimiň sebäbini sorabam durmaz göni ýüzüme ýüzüni turşadyp: ýigrenji, porsy, kirli, kolhoz, musurçy, çopan, yşarat, ýüzsüz, ýüzigalyň, eşek, mal, baran... (aý garaz şeýle bolup dowam edip gidýädä) diýerde diýawaýeý diýip gidip galar dogry dämi? Ana gorap biljek eken-ä meni şonýaly gyzdan sarymsak.
Adambay
06 апр 2023, 09:12
_Bayat,
Makgygirrik, Mamamlaň owasyndan eken ol asly Direktor bolup işläpdir. MAKGYDIREKTOR diýen ekenler. Soň irlandiýa göçensoň gregor bolup gidipdir ????
Adambay
06 апр 2023, 09:16
Гость
Beýlede wyr sadalyk bolar eken

Tipo meň üç gün mundan öňki häsiýetim...
Edepli Gödek
06 апр 2023, 10:46
Adambay,
?direktor has gowy oturdy
ZENAN AWÇYSY
Автор 06 апр 2023, 10:49
_Bayat siziňem aýdýanyňyz dogry. Sarymsagyň ysy diýip sizi taşlap gider käbir erbet gyzlar. Emma muny diňe ilkinji duşuşykda ulanmak dogry bolar. Eger ol sarymsak ysyna üns bermese siziň bilen gürreňdeşlige dowam etse. Indiki duşuşyga sarymsak iýmän baryň. Çünki ol sarymsak ysyny her sapar duýmazlyk geler-geler emma ahyrynda ol hem mundan bizar bolar. Şonuň üçin gürleşilende Ruhy ynamyň ýanynda öz keşbimizede üns bermeli. Indiki makalalarda bulary has giňişleýin düşündirmekçi.
Ahmet
06 апр 2023, 12:49
Hormatly okyjym _Bayat, hehehe
Ahmet
06 апр 2023, 12:54
El degen wagty okarynda )) Başyny okap...
Aý borda )))
Edepli Gödek
06 апр 2023, 14:00
ZENAN AWÇYSY,
A mallaň teýini arassalamda geýen eşiklerimi geýip barsam näderkä? Ilkinji duşuşuga sarymsak bilen sowsam ikinjädem bir zatlar etmeli bolar öz-ä...
ZENAN AWÇYSY
Автор 06 апр 2023, 17:00
Bu ýol arkaly gyzy özüňizden daşlaşdyrarsyňyz.
Ikinji duşuşykda bu zatlar kän hökman däl indi. Eger gyz birinji duşuşykda sizi terk etmedik bolsa...
picasso
06 апр 2023, 17:41
Esegin gulagna kyrk Yasin okandada hayry yok
Yusup
06 апр 2023, 19:31
Gyz bilen birinji gezek dushushanynyzda titretmesen ikinji gezek dushushyga chykmaz. Shonun ucin opushmegin in sonky pryomlaryny ulanyn eger gandyryp bilip gyjyndyrsan ikinji gezek seni chagyrar dushushyga. Shonun ucin gorkman. Dushushyga chykylanda unutman gyzam bilyar gujaklap ogshaljagyny shonun ucin utanman dushushykda. Boynundan ysgap bashlasan has gowy oyanyar dodakdaky keyp beriji kicijik damarlar