Diňe Gyzlar Barada Makala Ýazmagymyň Sebäbi
Mundan 4 ýyl öň men diňe telefon kompýuter oýnap, internede, imo girýärdim we ş.m. Birnäçe dostlarym bardy. Olar hemişe 1 ýa 2 aýdan başga-başga gyzlar bilen gürleşýärdiler. Maňa käwagt "gürleşýänim bar, ýaňyja jaňlaşdym" diýip aýdýardylar. Soň 1, 2 aýdan "häzirem gürleşýäňmi" diýip sorasam: "Boow mundan 1 aý öňki, häzir başga biri" diýýärdiler. Men şu ömrüme çenli bir gyz bilen hiç-haçan gürleşmeýärdim özem dostlarymyň eden bu hereketine "gyz aýlamak" diýilýär. Men gyzlar bilen gürleşmegi hiç-hili başarmaýardym asyl bu hereketi etmeýärdim. Çünki namaz okaýardym. Ol(dostym) maňa gyzyň nomeri gerekmi diýip soranynda "ýoklaý näme gerek şol" diýdim ol bolsa " hä näme üçin gerek däl?" diýdi. Men: "aýlap oýnap ýöreniň nämä gerek, ondan hakyky söýgi gowy dälmi?". Ol: "Hakykysyny näme etjegä, bir aý güýmenmäne bolýarda" diýdi. Muny aýdan dostumy kän bir halamaýardym, sebäbi erbet gylykly oglandy. Şonuň üçin gepi kän sozup oturmadym we oňa "borlaý gerekdäl şol" diýdim. Bu wakadan soň aradan 1 ýyl geçdi we men 11-nji synp boldum. Oktýabr aýyndady. Synpymdaky gyzlar bilen gowy düşünişýärdim, çünki gyzlaram menem(synpda men we bir dostum) namaz okaýardyk. Soň bir gün bir gyz synpdaşymyň öýüne bir garyndaşy gelipdir. Dynç-alyşa, Lebapdan ekeni. Bärde 2, 3 aý bolýar diýip eşidipdim. Menden 1 ýaş uly eken. Entek okuwa girmändir. Matematika ugurdan eken. Menem matematika ugurdan bäsleşiklere gatnaşýardym. Biz synpdaşlar bolup bir ýere üýşip oturup gürrüň edýärdik, iýip-içýärdik. 11-nji synpda muny hasam ýygy-ýygydan edip ugradyk. Soňam bir gün synpdaşlar bilen imo-da habarlaşdyk oturşaly diýip. Men, bir dostum, iki gyz synpdaşym bolup. Olaryň içinde garyndaşy gelen gyz synpdaşymam bardy. Soň geldik oturdyk görsek gyz synpdaşym garyndaşynam getiripdir. Ol menden matematika mysal çözülişler kitaby almak üçin gelipdir. Ol wagtlar bäsleşige taýýarlanmak üçin 4, 5 sany kitap alypdym. Kitap ýanymda bolmansoň gaýdyşyn öýden alyp berdim kitaby. Şonda ol: "Düşünmedik ýerlerime kömek edersiňä" diýdi. Menem näme diýeýin bolýa diýdim. Soň men bu gyzyň maňa iş boljagyny pikir edip başladym. Şonsuz bäsleşikde welaýat tapgyrdan aňyrsyny göremizok, häzirem hiç zada düşünemok taýýarlanamok. Üstesinede bu gyzam menden kömek sorap dur. Ertesi güni ýekşenbe güni bolansoň gyzyň aýdanlaryndan soň matematikama taýýarlanmaga başladym. Mugallymdan kömek alamokdym. Çünki mugallymym bu wagtlarda gaty kyn günlerdedi maňada kän bir öwretmäne eli degmänsoň şol kitaplary beripdi. Ertesi güni okuwda gyz synpdaşym garyndaşynyň az wagt galýandygyny aýtdy. Menden beýleki kitaplaram wagtlaýyn sorapdy. Bolýa alybersin öýe gelibersin diýdim. Okuwdan soň sagat öýlän 3-lerde gyzyň garyndaşy gelipdi. Men kitaplary berdim, onsoň "başdaky berem kitabymda düşünmeýän ýeriň barmy" diýip soradym. Olam ýok diýdi. Ondan haçan gitýänini soradym, ýene 2 hepde bolýar eken bu ýerde. Aradan 2, 3 gün geçdi soň gyz synpdaşyma "kyn görmese garyndaşyň şu mysaly maňa işläp beräýsin" diýdim, olam "bolýa" diýdi. Ertesi güni okuwda gyz synpdaşymdan düýnki mysaly soradym, ol "bugün özi barýa başdaky kitabam getirer" diýdi. Men näme üçindir bu ýerde synpadyşymyň dälde onuň garyndaşynyň öýüme gelmegine geň galýardym. Soňa görsem o synpdaşym oňa meni namaz okaýar diýip aýdypdyr. Belkem ol şonuň üçin birhilli maňa ynamly hereket edýärdi. Soň ol öýüme geldi kitaby getirdi, mysalymam işläpdir, düşündirdem. Ýöne kän uzak durmady, öwrenen soň beýleki kitaplaram getirjegini aýdyp gitdi. Soňa bakan meniň bu gyz baradaky pikirlerim üýtgäp ugrapdy. Gyz gowy, edepli, zehinli. Mekdepde şol synpdaşymdan garyndaşynyň telefon nomerini soradym ol "ony näme etjek" diýdi, menem kitap barada bir zat aýtmalydym diýdim. Gyzam: "bolýa ýöne seret saňa ynanyp berýändirin nomerini" diýdi. Menem "bolýa arkaýyn bol" diýdim. Soň her 2, 3 günden şol gyz bilen mysal işläpdik. Gyz gowy "ýok işläp bilmeýän" diýenok. Birazajygam degişmeçil gyz eken. Soň men bu gyzy halamaga başladym. Nirä gitsem hem ýadymda şol. Hiç ýadymdan çykanok. Gyzyň gidernede az gün galypdy, meňem içimde gyza öz duýgularymy açmak pikiri döredi. Emma muny nädip etjekdigimi bilmeýärdim. Dostlarymdan bu gyz barada söz açman soradym. Kän bir peýdasy deger zatlar aýtmadylar. Bularyň ählisiniň aýdýan zatlary gyz aýlamak. Soň internetde gözleg edip başladym uzak wagtdam soň bu barada gaty peýdaly saýt tapdym. Edil maňa gerek saýtdy. Içinde gyzlar bilen tanyşlyk, duşuşyk barada ähli zat bardy. Saýtdaky ähli maglumatlary 2 güne okap gutardym. We özümi öňkimden has tapawutly duýýardym. Dünýagaraýşym üýtgän ýalydy. Synpdaşlarymyň käbirleri bilen kafede oturyşmagy planladyk. Menem gyz gitmezinden ozal onuň bilen gürleşmek üçin ony imo-da kafe çagyrdym. Gyz geldi ilki, diňe ikimiz otyrdyk kafeda. Gyza duýgularymy aýtjakdym ýöne men hiç-hili aýdara söz tapmadym. Tä synpdaşlarym gelýänçä dymyşyp oturdyk. Kafedan çykansoň ol öýüne gitdi synpdaşym bilen. Şol wagt gaty janym ýandy. Şunça maglumat blog okadym şunam aýdyp bilmedim diýip ökündim. Ertesi güni gyzyň synpdaşy kitaplary getirdi sagbolsun aýtdy saňa diýdi. Soňam gyz gitdi. Mart aýynyň ahyrynda onuň bilen imo-da ýazyşdym. We ahyry oňa duýgularymy aýdypdym. Gyz maňa özüniň gürleşýäniniň bardygyny aýtdy. Şol wagt gaty erbet boldum. Soň haçandan bäri diýip soradym. Ýanwardan bäri diýdi. Menem bolýa bagyşla diýdim soňam öz eden ýalňyşyma gynanyp oturdym. Şol güni kafeda duýgularymy aýdan bolanymda, onuň gürleşýänim diýeni men bolup bilerdim. Bu zatlaryň ählisini başdan geçirip birnäçe zatlar öwrendim we birnäçe sapaklar aldym. Bular barada hem şol saýtdaky maglumatlary terjime edip islenen.ru saýtyna ýazyp başladym. Meniň maksadym beýleki oglanlaryň meniň ýagdaýa düşmezligi üçin şol saýtdaky we öz durmuşumdan alan sapaklarymy bu saýt arkaly ähli oglanlara ýetirmek. Çünki meniň başdan geçirenimi hiç-kim başdan geçirmek islemez. Erbet ýagdaýda ökünip köp wagt ýatdym. Bu saýtda-da munuň öňüni almak üçin bu makalalary ýerleşdirýärin. Makalalaryň hiç-hili erbet manysy ýa-da maksady ýok. Hiçkim öz söýýän birine başga biriniň eýe çykmagyny islemez. Şonuň üçin bu makalalar arkaly erkeklere Ruhy Ynam berýärin...
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.