Burnumyzyň Suwynyň Akmagyna Čözgüt
Gyş we ýaz aýlarynda iň köp duş gelýän ýagdaýlardan biri burnumyzyň suwy akmagy. Munuň üçin köpçülik ýerlerde ýanymyzda el ýaglyk göterýäris. Emma aşaky ýol bilen el ýaglygyňyzy indi zibile zyňyp bilersiňiz.
Burnumyzyň suwy näme üçin akýar?
Burnumyzyň suwynyň akmagy, burnumyzdaky tozandyr mikroplary ýörite suwyklyk arkaly daşary çykarmakdyr. Bu köplenç hapa tozanly howada ýa-da möwsümleriň üýtgäp durýan wagtlarynda (howanyň birden sowamagy ýa-da gyzmagy) bolýar. Aslynda munuň üçin käbir dermanlar bar, ýöne dermanlardan başga-da tebigy çözgütler hem bar:
Duzly suw
Iň peýdaly çözgütleriň biri duzly suwdyr. Duzly suw burnumyzdaky mikroplary arassalaýar we suwy azaldýar. Bir stakan ýyly suwa ýarym çaý çemçe nahar duzy goşuň we ereýänçä garyşdyryň. Duzly suwdan burun deşikleriňize bir damjadan damdyryň. Bu çözgüdi burun suwyňyz gowşaýança günde bir iki sapar ýerine ýetireniniňiziň hiç hili zyýany ýok. Munuň ýanyndan sarymsak we bal iýip hem bilersiňiz. Çig sarymsak ýa-da bolmasa, bir-iki diş sarymsagy suwa taşlap gaýnadyp, şol suwa bal damdyryp içip bilersiňiz. Esasan hem ýyly suwy köp mukdarda içmegi ahmal etmäň. Eger-de burnuňyzyň suwynyň akmagy köp wagt dynuwsyz dowam edýan bolsa we munuň üstesine dümew we üsgülewük hem goşulýan bolsa hökman bir lukmana ýüz tutuň.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.