" Satlyk " torty
Gerekli önümler:
200 gram margarin.
1 bulgur sheker.
2 ýumurtga.
3-4 nahar çemçesi gaýmak.
2,5- 3 bulgur un.
Hozuñ mañzy.
Çaý sodasy ýa-da hamyr tozy.
Kremi üçin gerek önümler: bir gap goýaldylan süýt.
Margarini ýyly ýerde goýmaly-da, ýumshatmaly. Soñra ony sheker bilen mazaly garmaly. Olaryñ üstüne gaýmagy, unuñ ýarysyny hem-de alma sirkesi bilen ýakylan çaý sodasyny guýup, garmaly. Aýra-aýralykda ýumurtgalary çalmaly-da, galan un bilen garyp, beýlekiler bilen birikdirip, derrewjik hamyr ýugurmaly. Hamyry 4 zowala bölüp, saçak bilen ýapyp, 15-20 minut çemesi salkyn ýerde goýmaly.
Gazana suw guýup, goýaldylan süýdi gaby bilen onuñ içinde 2 sagat çemesi gaýnatmaly.
Zowalary ýaýyp, howurpeçde 7-9 minut bishirmeli. Soñra olaryñ arasyna goýaldylan süýdi çalmaly. Tortuñ üstüne hoz sepmeli.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.