Fitçi
Fitçi 1970-nji ýyllarda daşarda iýilýän naharlardan iň yörgünlisi boldy. Şol wagtky fitçiler häzirki fitçilerden ulurak we has soganly bolýardy. Häzirki fitçi gaplary 14 sm ululykda, ýöne bu reseptde gaplaryň ululygy 10 sm.
Fitçi
10 sany
Içi üçin:
500 gr sygyr ýa-da goýun eti
50 gr guýruk ýagy
1 sogan
1 çaý çemçesi duz
¼ çaý çemçesi gara burç
8 nahar çemçesi suw
Hamyr üçin:
1 çaý çemçesi duz
300 ml (1⅕ bulgur) ýyly suw
2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
500 gr (3⅓ bulgur) un
Mesge, fitçi gaplaryny ýaglamak üçin
Eti, ýagy we sogany üwemeli ýa-da ownuk dogramaly. Onuň üstüne duz, gara burç sepip, suw guýup, gowy garmaly. Garyndyny deň 10 bölege bölmeli.
Hamyra gerek önümleri bir uly tabakda garyp, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 6 uly we 6 kiçiräk bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we olaryň üstüni saçak bilen ýapyp, 5 minut goýmaly.
10 sm ululykdaky fitçi gaplaryna azajyk mesge çalmaly.
Uly hamyr böleklerini 15 sm tegeleklikde ýaýyp, gaplaryň içine ýazmaly we olaryň içine et ýaýratmaly. Kiçi hamyr böleklerini 12 sm tegeleklikde ýaýyp, gaplaryň üstüne ýapyp, gyralaryny bükmeli. Soňra gaplaryň üstünden oklaw yöredip, gyralaryndaky hamyry aýyrmaly. Galan hamyr böleklerini düýrlemeli we gaýtadan ulanmaly (galan hamyrdan 4 fitçi bolýar).
Fitçileri wilka bilen dürtüp, ýüzlerine suw çalmaly. Olary ojagyň ortaky gatynda goýup, 200°C (392°F) gyzgynlykda ýüzi gyzarýança (25-30 minut) bişirmeli.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.