Ykbalymda düşlän ynsan

Bir gün saňa täze ýazan goşgymy okadanym ýadyňdamy henizem? Belki, şol wagt dogrymy aýdyp bilmänimi aňman, bu wakany unudansyňam. Ikimiz üçinem täsindir, asyl şol günki täze ýazan goşgymda gönüden-göni seniň suratyňy çekäýen bolsam näme?! Ýöne sen näme üçin aňşyrmadyňkaň muny? Belki, bilensiňem. Okan badyňa, kime ýazylandygyny bilmek boldy bar küýüň. Meňkem şol çekinjeňlik. Aýdyp bilmedim. Utanjaňlykdan utuldym ýene.Menden has uzaklaşarsyň öýdüp gorkdum, dogrusy. Meni bagyşlaweri! Saňa şol gün dogry zady aýan etmedim. Goşgyň gönümel saňa degişlidigini aýdyp bilmedim. Seni gidermäsim geldi. Megerem, şol goşgymy okap, özüňe bolan söýgimi duýan bolmagyňam, ony öz dilimden eşitmek islän bolmagyňam ahmal. Ine, indi men, şol hakykaty ýazyp beýan edýärin. Peýdasy degjek bolanlygynda öwran-öwran aýtmaga-da taýyn, şol goşgymy saňa bagyşlap ýazandygymy. Ýöne...


Gurbanmyrat Saryýew
4 лайков 77 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.