Suwdan öwreniň..!
Suw ýaly deň garaň! Asmandan inýän ýagmyrlara serediň, ol hemmeleriň üstünden deň ýagýandyr. «Pylany gowy, diňe şonuň üstüne ýagjak. Pylany ýaramaz, asla golaýyna barjak däl» diýýän däldirler. Sizden edil şol ýagyn-ýagmyrlar kibi adamlara deň garamalysyňyz.
Suw ýaly ýumşak boluň, ýumşak häsiýetli bolmagy suwdan öwreniň. Ol dürli görnüşli, al-elwan reňkli, agyr we ýumşak zatlaryň, daşlaryň üstüne düşende, şolara görä öz şekilini üýtgedýändir... ýöne öz durkuny, asyl düzümini üýtgedýän däldir. Adamlaryň her birine mylakatly gatnaşykda boluň, ýöne ähli ýagdaýlarda hem özüňiziň asylly häsiýetiňizi üýtgetmän saklaň.
Suw ýaly arassa boluň! Arassa bolmagy suwdan öwreniň. Eýsem-de deňizleriň suwunyň arassadygyny, päkdigini göreňzokmy? Oňa bir daş ýa-da kesek oklaýanyňda hem suwuň ýüzi bir pursat bulanar, ýöne dessine öňki katdyna – arassalygyna we päkligine dolanyp barar. Kimdir biri size ýürek gobsundyrjak hakly we nähak sözi aýdanynda hem birbada maňzyňyza batmasa-da, dessine tämiz niýetleriňizden ugur alyp, ol kişi barada ýaman pikir saklamaň. Kimdir biri bolmaýan ýeriňizi ýaňzytsa hem dogry düşüniň we dessine bu ýaramaz häsiýetden tämizleniň.
Suw ýaly ýuwup duruň! Diňe özüňizi däl, özgeleriň hem endik-häsiýetlerini, aýybyny, nogsanlyklaryny ýaýyp ýörmän, ýuwup geziň. Ýagşy häsiýetleriňiz bilen nusga bolup, olaryň hem has gözel häsiýetlere eýe bolmagyny gazanyň.
Suw ýaly paýhasly boluň! Görmeýärmiň, howa gyzyp ugrasa, ol buga öwrülip, asman sary beýige galar. Howa sowap ýa-da salkynlap ugradygy, gatbar-gatbar bulutlara garylyp, asman ýagmyryna öwrülip, bereket bolup, ýere iner. Hemişe ýagşy gylyk-häsiýetlere bürenip, il derdine ýaramaga çalşyň.
Suw ýaly çydamly, tutanýerli boluň! Çydamly, tutanýerli bolmagy suwdan öwreniň. Suw tolkunlarynyň dag gaýalaryna üznüksiz urlýandygyna nazar aýla! Her günde, her hepdede, her ýylda urlup durandygyna üns ber! Şeýde-şeýde ol sessiz-üýnsüz, dymma daglaryň döşünde hem öz yzyny goýýandyr. Öňüňizde bir maksat goýsaňyz, suw ýaly tutanýerli boluň, maksatlaryňyzy hasyl ediň we üstünligiň üstünde öz yzyňyzy goýuň.
Suw ýaly ugurtapyjy boluň! Ugurtapyjylygy suwdan öwreniň. Öňünden böwet çyksa, maý tapsa, suwlaryň sowlup geçýändigini, akjak ýerini özi tapýandygyny we şundan mysal alyp, her bir ýagdaýda çykalga tapyp boljakdygyny pugta belläň!
Suw ýaly pespäl boluň! Görmeýärmiň, ol al-asmana galkan bulutlardan seçelenip gelşine zeminiň çuňluklaryna siňip gidýär, ýöne özlügini welin ýitirmeýär. Beýige galanda hem, zemine inende hem suw bolup, ýagşylyk bolup, merhemet bolup inýär. Beýige galsaňyzam, pese düşseňizem, hemişe ýagşy niýetden ugur alyň.
Suw ýaly söýgüli, näzik boluň! Her gün säher ýaşyl maýsalaryň, ýapraklaryň we daragtlaryň ýüzüni öpüp, säheriň sergin şemalyna syrygyp gaýdan çyglary ýadyňyza salyň! Olar tebigata hem ajaýyplyk, hem terlik, hem peýda berip dur. Şolar ýaly kalby näziklik, göwni ýumşaklyk bilen adamlaryň ýüreginden özüňe orun gözle we olaryň derdine ýarajak boluň! Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bardyr. Her baran ýeriňizde, gabat gelen adamlaryňyza ýaşaýyş nuruny paýlap, olary durmuşa höweslendiriň» diýipdir.

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.