Zalym ykbal / bolan waka
Men muny hekaýa bölümine goýsamam bu hakykatdanam bolan waka. Bu meniň ykbalym.
Bir wagtlar men gaty bagtly gyzdym ejem bardy, kakam bardy, doganym bardy. Biz asyl 5 dogandyk. Men öýüň ýekeje gyzy bolamsoň lälikdim. Ejemden, kakamdan öýkelän bolardym. Emma men ýaňy bir 8-nji synpa ätlämde ejemjan agyr keselläp aradan çykdy. Bu ykbalyň maňa ilkinji zarbasydy öňler okuwa tahýaly gitsem soň ejemjanyň ýyly geçýänçä gara ýalykly gatnadym. Kä gijeler daňa çenli aglaýadym soňam ýüzümi çişirip okuwa gidýädim kakam maňa hemişede mert bolmagy ündeýädi. Wagt geçýädi menem ýuwaş-ýuwaş ejesizlige öwrenişýädim. Ýaňy bir öwrenşip başlamda 10-njy synpda-da kakamjan bilen doganym Seýrany ikisini bir günde ýitirdim şeýdip biziň öýümizden ýene-de jeset çykdy.Şol gün men içimiň ýangynjyna şeýle bir gülüpdim soňabaka demeim gysylyp başlady. Kakasy bilen dogany ölen gyzyň aglaman gülüp oturanyny geň gördüler. Meň kelläm üýtgändir öýtdiler.Bulam maňa ykbalyň ikinji zarbasydy.Men güň boldum hatda bir näçe aýlap keselli ýatdym. Okuwa gitmedim duýgudaşlyk bildirmäne gelselerem ýatansyrap olaram diňlemän yzyna ugratdym. Şol keselläp ýatan günlemde ejemjan bilen kakamjan düýşüme girdi olar meň aýaga galanymy, mert bolmagmy hemem okuwa gitmegimi isleýärdiler. Kakam entegem meň lukman bolanymy görmek isleýänimi aýdýardy ol hemişe meň ýanymdadygyny hemişe meni gorajakdygyny, goldajakdygyny aýtýady. Ejemjan bolsa jiglerme göz-gulak bolmagymy, olary gynandyrmazlygy hemem özümiňem mert bolmagymy ündeýärdi.Şol günden soň menem -menem ýuwaş-ýawaş sagalyp başladym. Soňam gowy aýaga galdym okuwa gitdim men indi 11-nji synpdym bir günem biziň mekdebimizi gutaryp giden bir oglan maňa söz aýtdy men onuň bir sözünede ynanmadym gaýtam ony kowdum ol bolsa menden el çekmedi. Hemişe meň ýolumda garawul durdy ahyram saý-sebäp bilen onuň bilen gürrüň açyldy-da biz dostlaşyp gitdik. Soňam... Ine bir günem men oňa okuwa gidip barýarkam duşdum ol meň ýanyma gelýän eken ýöne ýoldan geçip barýarka maňa ýetişşek bolup howlukdy şol wagtam ony kamaz kakdy. Bu zatlaryň ählisi meniň gözümiň öňünde boldy men gorkyma şol ýerde özümden gitdim. Gözümi açsam men öýdedim. Bulam ykbalyň maňa üçünji zarbasydy.Men gelnejem bilen hemme syrymy paýlaşýadym. Ol bolan zatlary eşdip gorkdy menem özüme bir zat ederin öýtdi ýöne men ony pikirem etmedim sebäbi meň jigilem bardy men gitsem olara kim seretmelidi biziň iň kiçimiz ýaňy 3-nji synp ahyry ýok men olary ýeke goýmaly däldim. Elbetde biziň dogan garyndaşlarymyz bizi ýeke goýanokdylar. Enem bilen kakamyň kiçi inisi maşagalasy bilen biziň ýanymyza göçdüler. Ýöne hiç kim biziň derdimiziň dermany däldi. Men durmuşdan şeýlebir öýkelidim ahyram içimiň ýangynyna çydaman elime galam aldym. Arada-da biri edil gabat garşymda durup: "Şul gyz ýetim-dä" diýip maňa ümledi. Meniň dünýäm üstüme ýykyldy öýe gelip jigilerime eştdirmän sessiz agladym. Şol gün agşamam meniň düýýşüme agam girdi. Ol gözümiň ýaşyny süpürip gitdi.
Bäh ykbal sen näme üçin beýle zalym?
Umuman söýenleriňiz ýanyňyzdaka gadyrlaryny biliň!

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.