Ykbal bizi hiç sebäpsiz duşurdy...

"Ykbal bizi hiç sebäpsiz duşurdy"
(Ýöne ýere diýmegiňem ähtimal)
Emma seniň bu aýdýanja sözlerňe
Men birjigem ynanmaryn mähriban

Men-ä ilki ekin ekeli diýýän,
Senem bolmaz diýýäň,
(entek ekmänem)
Hemem, bizi ýöne duşurar ýaly,
Barypýatan işsizmikä ykbalam?!

Seniň edýän küýlerňi bilmen, emma,
Gördüm seni öz bagtyma müwessa
Seniň sada, çaga kimin kalbyňy
Çalyşmaryn özgelerden müň essä

Palçy däldigimi bilsem-de hergiz,
Bagtly boljagymyzy görýärin men...
Her geçen günümden joş alýar ýürek,
Möwç alýan.
Has-da beter söýýärin men...


Ylham GURBANALYÝEW
2 лайков 113 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
No name
15 июл 2022, 14:21
üstünlik,galamyň suýalyja bolsun:)
No name
15 июл 2022, 21:31
Цитата: No name
suýalyja

*syýalyja
Venus
Автор 16 июл 2022, 05:46
No name,
Minnetdar!