◆Durmuşy danalyklar
1. Iň uly päsgelçilik – Gorky;
Iň howply adam – Ýalançy;
Iň ähtiýalan duýgy – Göriplik;
Iň gözel hereket – Bagyşlamak;
Iň gowy gorag – Ýylgyryş.
2. Adamlar başga ýere göçüp gitseler bagtly bolarys öýdýärler. Emma soň olar nirä göçselerem ýanlary bilen özlerinem alyp gaýdandyklaryna göz ýetirýärler.
3. Bagt – bu posa ýalydyr. Ondan lezzet almak üçin ony kimdir biri bilen paýlaşmaly.
4. Özleriniň däl-de siziň halyňyzyň harap wagtynda ýanyňyza gelýänleriň gadryny biliň!
5. Gözüňizi açmaga çalyşýanlaryň agzyny ýumdurmaň!
6. Özlerine kömek etmeýän adamlara ýardam berjek bolmagyň hiç hili manysy ýokdur. Eger-de adamyň özi basgançakdan ýokaryk galmak islemese, ony ýokaryk galmaga mejbur etmek mümkin däldir.
7. Her kes ýalňyşýar. Ýalňyşyny mynasyplar boýun alýar. Edermenler ötünç soraýar. Gaýratly gatnaşmagyny dowam edýär.
8. Nämedir bir zady üýtgetmek isleýän bolsaň, batyrgaý bol! Eger-de nämedir bir zady üýtgedip bolmajak bolsa sabyrly bol! Haçan batyrlygyň, haçan bolsa sabyrlylygyň gerekdigini bilmek üçinem dana bol!
9. Eger-de kimdir biri saňa çukur gazýan bolsa – päsgel berme! Gazyp bolanyndan soň, onuň çukuryny özüňe serhowuz edinersiň. Eger-de seniň süňkleriňi ýuwýan (gybatyňy edýän) bolsalar – minnetdar bol! Soň süňkleriňde artroz emele gelmez. Eger-de seniň ýeňsäňden tüýkürýän bolsalar – buýsan! Diýmek sen öňde barýansyň. Eger-de nähak göwnüňe degseler – öýkeleme, ar aljak bolma! Seret, seniň deregiňe durmuş nädip ar alýar!
10. Eger-de sen haçanam bolsa hakykatdan-da bagtly bolan bolsaň, şol pursatda eden işiňe jinnek ýalam ökünme!
11. Kimdir birinden ötünç soramak seniňkiň-ä nädogrudygyny, onuňkyňam dogrudygyny aňlatmaýar. Bu diňe seniň üçin araňyzdaky gatnaşyklaryň şahsy men-menligiňden gymmatlydygyny aňladýar.
12. Adamlar iki topara bölünýärler. Birinjileri otaga girip: “Oh-how, men kimleri görýän!” diýip, begenýärler. Ikinjiler: “Ine-de men!” diýip, habar berýärler.
13. Durmuşda iň kyn zat – haýsy köprüden-ä geçmelidigini, haýsynam otlamaldygyny kesgitlemek.
14. Häzirki döwürde şerapsyz şatlanmagy, neşesiz arzuw etmegi hem-de internetsiz söhbet etmegi öwreniň!
15. Fridrih Nişse: “Men özüme ýalan sözländiklerine gynanmaýaryn. Men indi özümi aldana ynanyp bilmejekdigime gynanýaryn!” diýipdir.
16. Öz ýüregiň nirede ýaşaýandygyny anyklamak üçin, arzuwa çümeniňde aňyň nirelerde gezýändigine üns ber!
17. Edil bütin şäheri diňe swetoforyň ýaşyl yşygynda kesip geçip bolmaýşy ýaly, bütin ömrüňe-de kimdir biri bilen sögüşmän, dawalaşman ýaşap bolmaýar.
18. Adamlara “ýok” diýmäni başarmaly. Ýogsa olaryň barha bihaýalaşmak häsiýeti bar.
19. Özüňi deňeşdirmäge borçly ýekeje adamyň – bu hem seniň geçmişdäki özüň! Onsoňam, sen diňe şu wagtky özüňden gowy bolmaga borçlusyň!
20. Özüňi erbet duýan ýerleriňe dolanyp barma! Haýyşyňy bir gezek ret edenlere soň ýüz tutma! Özüňi ynjydanlaram ikilenç golaýyňa getirme!
21. Adamyň zannynda üç sany altyna gaplaýmaly häsiýet bar: sabyr, çeniňi bilmek duýgusy we dymmagy başarmak. Adatça, durmuşda bu häsiýetleri adama akyldan, zehinden hem-de owadanlykdan has gowy ýardam berýärler.
22. Kimdir biri bilen hiç haçan pul üçin, çagalaryň hatyrasyna ýa-da dözmezçilikden ýaşama! Çünki, pul ýüregiňe düşer, çagalar ulalar, haýpygelme bolsa ýigrenje öwrüler.
23. Kimdir birinden iň gowy ar alyş – onsuzam oňup bilýändigiňi görkezmekdir!
24. Gowy adamlar size bagt getirer, erbet adamlar size tejribe berer, has ýaman adamlar size sapak berer, aňrybaşy ajaýyp adamlar bolsa size ajaýyp ýatlamalary peşgeş bererler.
25. Genri Wan Deýk şeýle diýipdir: “Özüňizde bar bolan zehini ulanyň. Çünki, diňe beýlekilerden gowy saýrap bilýän guşlar tokaýda saýrasady, onda tokaýda juda tukat ümsümlik höküm sürerdi”.
26. Durmuşda ýaşamaga many, söýmäge, ynanmaga we aladasyny etmäge kimdir biri barka, hemme zada-da döz gelip bolar!
27. Kalplaryň ymtylyşy dostluga öwrülýär. Paýhaslaryň ymtylyşy hormata öwrülýär. Tenleriň ymtylyşy hyjuwa öwrülýär. Diňe şularyň hemmesiniň ymtylyşy söýgä öwrülýär.
28. Eger-de ýeňlen ýylgyrsa, ýeňen ýeňşiň tagamyny ýitirýär.
29. Eger-de kimdir birini gowy tanajak bolsaň, ol barada özgeleriň aýdýanlaryny däl-de, onuň özgeler barada gepleýänlerini diňle!
30. Haçan-da Allatagala bir ryzk gapysyny ýapsa, ol kyrk sany rysgal-bereket gapysyny açýar. Ýöne biz açyk gapylary görmän, diňe ýapyk işige tiňkämizi dikip, doňňara-daşa öwrülip galýarys.
31. Omar Haýýam aýdypdyr:
Birew biler bägülleriň ysyny,
Birew alar kekreden baly.
Birewe nan berseň, baky unutmaz,
Birewe ömrüň berseň – düşünmez...
32. Eger-de köçede ýagyn we ýel bolsa-da etsem-petsemiňi ertire goýma! Eger-de adamlar saňa ynanmaýanam bolsa, arzuwlaryňdan ýüz öwürme! Ýetip bolmajak maksat ýok – diňe ýaltalygyň, üşüksizligiň we bahanalaryň ýokary möçberi bar!
42. Ýalňyzlykda öz pikirleriňize gözegçilik ediň! Maşgalaňyzyň arasynda öz häsiýetiňiziň ýüze çykmalaryny seljeriň! Tanyşlaryň arasynda diliňize eýelik ediň!
43. Käte onda alakalar gaçyp gider ýaly, gämi heläkçiligine uçran kişi bolmak peýdalydyr.
44. Eger-de sizi halamaýan bolsalar – onda özüňize mähribanlygy dilemäň! Eger-de size ynanmaýan bolsalar – özüňizi aklamaň! Eger-de size gadyr goýmaýan bolsalar – subut etjek bolmaň!
45. Hiç haçan özüňizi söýýänleriň öňünde-de, söýmeýäniň öňünde-de özüňizi aklamaga çytraşmaň! Çünki sizi halamaýana barybir näme diýseňizem ynanmaz, söýýän bolsa, size deregem sizi aklaýan zady oýlap tapar!
46. Geçmişe ýapyşyp ýatmaň! Ol şu günüňizi öldürýär. Ýatlamalar manysyzdyr. Olar diňe özlerine sarp edilen gymmatly wagtyňyzy bihuda sarp edýärler. Çünki, geçmişi gaýtaryp getirip bolmaýar, geljegiň bolsa bolmazlygam mümkin.
47. Uilýam Şekspir aýdypdyr:
Üstünlik gazanmagyň üç şerti bar:
1. Özgelerden köp bilmek;
2. Özgelerden köp işlemek;
3. Özgelerden az zada garaşmak.
48. Seniň hakykatdanam ýakyn adamyň – bu seniň geçmişiňi bilýän, geljegiňe ynanýan we seni şu wagt bolşuň ýaly kabul edýän adamdyr.
49. Mähriban adamyň sözi dünýäniň ähli lukmanlaryndan gowy bejerýär. Ähli jellatlaryndan çaltam öldürýär...
50. Durmuşda iň peýdaly ukyplar – ýaman zatlary tiz unutmagy başarmak, şowsuzlyklarda ünsüňi jemlemezlik, kineleriňi gursagyňda apalap ýörmezlik, gaharjaňlykdan lezzet almazlyk, ýigrenjiňi içiňde toplamazlykdyr. Çünki, dürli zir-zibilleri daşap ýörer ýaly, adamyň göwni zibildan däldir.
51. Biziň hemmämiz kynçylyksyz durmuşa ymtylýarys. Ýöne, ählimizem toýra (dub) agaçlarynyň diňe güýçli ýellere garşy göreşip, şeýle mäkäm we howalasy belent ösýändiklerinem, iň berk almazlaryň bolsa ägirt uly basyşlaryň täsiri bilen emele gelýändiginem unudýarys.
52. Tygşytlamagy öwreneniňizden soň, gazanmagam öwreniberiň!
53. Pyşdyl kellesini çanagyndan çykarandan soňra öňe ýöreýär.
54. Bu dünýäde haýsydyr bir sepgide ýetmek üçin nämedir bir zady ýeňip geçip, kimdir birine ýa-da haýsydyr bir zada daýanmaly.
55. Ýalançy: „Men ýalançy!“ diýýär. Diýmek ol dogrusyny aýdýar. Şonuň üçinem ol ýalançy däl. Diýmek ol özüniň ýalançylygy barada ýalan sözleýär. Sebäbi ol özüniň ýalançylygyny aýdyp dogrusyny aýtmagy bilen ýalan sözleýär. Diýmek ol ýalançy. Ine şuňa-da paradoks diýilýär.
Dürli internet maglumatlaryndan alnyp, taýýarlandy
Çeşme:Islenen.ru

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.