Kerim Gurbannepesow

Onuň bilen söhbetdeş bolmak juda ýakymly hem diýseň ejirlidi.Ýakymlylygy – öz dury zehininiň dokdäne harmanyny döwekläp altyn çäjine guwanmak bagtyna ýeten, şagyr sungatyna biçak sarpa goýýan gadymy halkyň göz-guwanjyna öwrülen diri klassyk, talapkär ussat, şan-şöhratyny ýadyna-oýuna getirmän, seniň bilen ähli zat babatda iç döküşip, syr alyp syr berişýän pespäl adamyň seniň gaşyňda oturanlygy. Ejirliligi – kämil halypanyň gabadynda köp ýagdaýda öz ýetmeziňi, oňa görä juda az bilýänligiňi duýmakdy. Üstesine, zehininden minnet çekýän adamlaryň ählisinde bolşy ýaly, Kerim şahyrda-da biçak geçirimlilik hem ýowuz kejirlik bardy. Gürrüňdeşlik mahalynda olaryň haýsysyna gabat geljegiňi öňünden bilip bolýarmy näme?

* * * * *
Ol şägirtlerine atalyk duýgusy bilen garaýardy. Guwanjyny metbugatda, ýygnaklarda, ýaşdaşlary bilen edilen gürrüňlerde çykarsa-da, özlerini görende ýüzlerine öwüp durmazdy. Kemçiliklerine öz şahyrlyk belentliginden seredip, gaty ýowuz daraýardy. Şunda onuň halypalyk sapagyna döz gelmek aňsat däldi. Hakyky talanta welin, är kimin guwanmagy başarýardy. Bir gezek "Ýaş kommuniste" şahyr Nobatguly Rejebowyň uly goşgular toplumy çap edilende ol maňa jaň etdi:
– Tas tutuş sahypany ýaş şahyra berip, gowy edipsiň. Goşgulary okap hezil edindim. Poeziýa şeýle sarpa goýşyňy gutlaýan. Sen şunuň bilen oň.Nobatgulyny welin, häzir neşirýata baryp elin gutlap gaýtjak.( N.Rejebow şol wagytlar "Türkmenistan" neşirýatynda ýaňy işe başlapdy).

* * * * *
Bir gezek oňa bir tymsal aýdyp berdim:
–Rus fizigi Lebedew kitap okamaýan eken. Öýde çyzgylardan başga kitap-žurnal saklamandyr. Okamaýanlygynyň sebäbini ol şeýle düşündiripdir:
"Russiýa fizik Lebedew gerekmikä ýa-da kitaphon Lebedew?"
–Hawa, indi men okamak babatynda öz garaýşymy aýtmalymy?!
–!!!
–Onda, interwýuçy ýoldaş, diňle! (Ol degişli at tapanyna begenip, adaty endigine görä, gözlerini çalt-çaltdan gyrpyldadýar). Fizik, himik okamalymy-dälmi, ony git-de, olaryň özlerinden sora. Belki, bir ugra bar ünsüňi jemlemek gowudyram. Emma şahyr idiolog ahyryn. Onuň ähli zada öz garaýşy bolmaly ahbetin. Ýogsam dar çukura düşüp, öz döredijiligiňi özüň bogmagyň mümkin.Meniň aňlaýşymça, şahyr-ýazyjy öz öýüniň, ülkesiniň, ýurdunyň, dünýäniň ýagdaýyndan günibirin habarly bolmaly. Ýogsam seň ýaly gazetçiler aýtmyşlaýyn, durmuşdan yzda galarsyň. Ondan galdygyňam, ruhy çörekden mahrum bolup öldügiňdir.Okaman ýazýan adamyň, Kerim şahyr diýmişleýin, "potology pessejikdir". Hany, ylalaşýan bolsaň, kak bäşi! (Hezil edip gülýär).

H.Diwangulyýew.
4 лайков 245 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yusupahmet12
17 июл 2022, 13:10
Sag boluñ yetireniñize. Şular yaly materiallary yzygiderli hem dolurak gornuşde goyup dursañyz hezil edip we gyzygyp okardyk. Sag boluñ.