Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň...

Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin

Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Üstesine hiç zat talap etmäýin,
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun

Elimden al derejämi, çinimi,
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen
Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber

Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym,
Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym.
Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen
Garyp çatmam —şol köneje ketegim.

Müň bir aladadan hum bolan kelläm
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin.
Kakabaş günleri küýsän ýüregim
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.

Öňümdäki mele-myssyk nany al,
Deregine ýylçyr gara daşy ber,
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,
Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.

Öwezin almaga ýitirlen ömrüň
Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber.
Men bu dok durmuşy saňa bereýin
Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!

B.Hudaynazarow
3 лайков 694 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kone natanysh
17 июл 2022, 18:38
Öwez Gelenow gowy aýdypdyr bu goşgyny.
Hiayress
17 июл 2022, 21:21
Gowy goşgy, el boşaşsa Berdinazar aganyňam döredijiligine göz aýlamaly.