On sekiz manat hakynda elegiýa
ON SEKIZ MANAT HAKYNDA ELE GIÝA
Her aýda bir gezek—on sekiz manat,
Her aýda bir gezek gelýärdi yrman .
Her aýda on sekiz manat gelende ,
Begenerdim. Enem aglardy,arman.
On sekiz manady kim berýär b ize?
Kim unutman, otuz günden iberýär?
Ol niçiksi ýiti gözli perişde
Biziň şol pula -da zardygmyz görýär!?
Enem pahyr käte açýar ýüregni ,
Diýýär ol: “Pullary iberýär kakaň” .
Men diýýärin: “Näme özi gelenok ,
Bu ýerde ejesi hem ogly barka?”
“Ge ler” diýp,göz ýaşyn süpürýär enem.
“Geler ,agtyjagym,geler ol hökman.
Ikimiz dükana gidermiz ýaly ,
Ol daşda işleýär hiç ýere çykman” .
Garaşdym ,garaşdym,dokuz ýaşadym,
On üç hem ýaşadym ,kakam gelmedi.
On sekiz manady iberdi durdy,
Emma hütdüg mize nazar salmady.
Asyl kakam ölen eken uruşda .
Men baky ýas tutdum bilenim üçin .
Döwlet berýär eken şojagaz pulam ,
Frontçynyň ogly bolanym üçin .
Ýene garaşaryn ,saçam agarar,
Ýöne indi bilýän ,gelmez meň kakam.
On sekiz manady unutmaryn hiç,
Gursagymda ynsan ýüregi barkan.
Sebäbi on sekiz manat gelende,
Ýas bürenýär eken biziň köne tam .
Her aýda on sekiz manat gelýärdi , —
Her aýda bir gezek ölýärdi atam.
Her aýda bir gezek—on sekiz manat,
Her aýda bir gezek gelýärdi yrman .
Her aýda on sekiz manat gelende ,
Begenerdim. Enem aglardy,arman.
On sekiz manady kim berýär b ize?
Kim unutman, otuz günden iberýär?
Ol niçiksi ýiti gözli perişde
Biziň şol pula -da zardygmyz görýär!?
Enem pahyr käte açýar ýüregni ,
Diýýär ol: “Pullary iberýär kakaň” .
Men diýýärin: “Näme özi gelenok ,
Bu ýerde ejesi hem ogly barka?”
“Ge ler” diýp,göz ýaşyn süpürýär enem.
“Geler ,agtyjagym,geler ol hökman.
Ikimiz dükana gidermiz ýaly ,
Ol daşda işleýär hiç ýere çykman” .
Garaşdym ,garaşdym,dokuz ýaşadym,
On üç hem ýaşadym ,kakam gelmedi.
On sekiz manady iberdi durdy,
Emma hütdüg mize nazar salmady.
Asyl kakam ölen eken uruşda .
Men baky ýas tutdum bilenim üçin .
Döwlet berýär eken şojagaz pulam ,
Frontçynyň ogly bolanym üçin .
Ýene garaşaryn ,saçam agarar,
Ýöne indi bilýän ,gelmez meň kakam.
On sekiz manady unutmaryn hiç,
Gursagymda ynsan ýüregi barkan.
Sebäbi on sekiz manat gelende,
Ýas bürenýär eken biziň köne tam .
Her aýda on sekiz manat gelýärdi , —
Her aýda bir gezek ölýärdi atam.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.