Sylapberdi Muhamow - Şamahy galasy
Şamahy galasy gyryň üstünde,
Salgymlap dur geçmiş bolup, düýn bolup.
Göwher dänesi deý ýeriň astynda,
Mertler ýatyr mertebesi beýgelip.
Şol ärleriň gan-derine eýlenip
Su günlere ýeten Salamat-esen,
Aýböwürim, bir ajaýyp mesgen sen.
Pälwanlar ýaşapdyr görkezip güýjün,
Danalar paýhasdan geýipdir täjin,
Munda kerwen çeken bezirgen, täjir,
Söwda etse, başgalardan saýlanyp,
Ýene seniň bazarlarňa aýlanyp
Gelmegi arzuwlap, niýetläp öten,
Aýböwürim, Bereketli mesgen sen!
Daýhan penjesinden seçilen ýaly
Agşam asmanynda ýyldyzlar doly.
Serginje şemally, salkyn howaly,
Ak derekler salam berer towlanyp,
Akar ýaplar salam berer köwlenip,
Aýdym joşar belentlerden, peslerden,
Aýböwürim, aýdym ýaly mesgen sen!
Aýböwürim, mukam ýaly mesgen sen,
Mertebäň hem hiç bir ýerden pes gelmez.
Gördüm seniň gyrlaryňa aýlanyp,
Mähir siňen ýerleriňe aýlanyp,
Eglenip esli wagt durdum aslynda,
Astynda genji-kän geçmişim ýatan,
Şamahy galasy gyryň üstünde.
Salgymlap dur geçmiş bolup, düýn bolup.
Göwher dänesi deý ýeriň astynda,
Mertler ýatyr mertebesi beýgelip.
Şol ärleriň gan-derine eýlenip
Su günlere ýeten Salamat-esen,
Aýböwürim, bir ajaýyp mesgen sen.
Pälwanlar ýaşapdyr görkezip güýjün,
Danalar paýhasdan geýipdir täjin,
Munda kerwen çeken bezirgen, täjir,
Söwda etse, başgalardan saýlanyp,
Ýene seniň bazarlarňa aýlanyp
Gelmegi arzuwlap, niýetläp öten,
Aýböwürim, Bereketli mesgen sen!
Daýhan penjesinden seçilen ýaly
Agşam asmanynda ýyldyzlar doly.
Serginje şemally, salkyn howaly,
Ak derekler salam berer towlanyp,
Akar ýaplar salam berer köwlenip,
Aýdym joşar belentlerden, peslerden,
Aýböwürim, aýdym ýaly mesgen sen!
Aýböwürim, mukam ýaly mesgen sen,
Mertebäň hem hiç bir ýerden pes gelmez.
Gördüm seniň gyrlaryňa aýlanyp,
Mähir siňen ýerleriňe aýlanyp,
Eglenip esli wagt durdum aslynda,
Astynda genji-kän geçmişim ýatan,
Şamahy galasy gyryň üstünde.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.