Jogapsyz soygi_1 bolum
Tomusyň ahyrky günleridi.Ýüregiňi gysdyrýan yssy howanyň ýerini
güýzüň mylaýym salkyn howasy eýeleýärdi.Agaçlaryň ýapraklary
saralyp düşüp başlapdy ,daýhanlar ýetişdiginden öz hasyllaryny
ýygnaýardylar.Herkim öz işi bilen gümrady...
Merdan 5-nji synpy tamamlady.Ol obada ulalyp ösdi.Ähli ünsi
okuwdady.Deň-duşlarynyň arasynda hem abraýy ýokarydy,onuň sözüni
diňleýärdiler.
Wagt ýaman tiz geçýärdi.Dek düýnkide olar mekdebiň gapysyndan
ätläpdiler.Indi bolsa ol 6-njy synpa geçmelidi.Merdanda okamak höwesi
güýçlidi.Ýöne oba mekdebiniň berýän bilimi ony
kanagatlandyrmaýardy.Kakasy Perhat aga hem oglunyň gowy bilim
alyp,okuwly-işli bolmagyny isleýärdi.Birgün ol göýä oglunyň içki
pikirlerinden habardar ýaly,okuw barada gürrüňi gozgady.
―Merdan,oglum,senem indi ullakanja oglan bolduň.Menem indi
senden birugsat iş edip biljek däl.Gönimden gelsem aýtjak gepim seniň
okuwyň bilen bagly –diýip,Perhat aga dymdy.
―Kaka,arkaýyn aýdyber,men diňleýän –diýip,Merdan gözlerini
kakasyna dikdi.
―Men seniň nähili okaýandygyňa belet,tüweleme,gowy okaýaň.Ýöne
meniň alada galýan zadym,obada uly synplary göwne makul okadyp
baranoklar.Uly synplaryň içinde garagol,diýen etmez çagalar köp
bolýa.Onsoň olara mugallymlar hem terbiýe berip bilenok.Şol sebäpden
hem men seni şäheriň abraýly mekdepleriniň birine ýerleşdiräýsem
diýýän –diýip,Perhat aga ogluna seretdi.
Kakasynyň bu sözleri Merdan üçin hoşhabar boldy.Ol ganat baglap
uçaýjak boldy.Merdan kakasynyň bu pikirini makullady.Şeýlelikde,ol
okuw ýyly başlanmanka şäheriň iň göreldeli,ýöritleşdirilen
mekdepleriniň birine synag tabşyrdy.Merdan synaglardan üstünlikli
geçdi.Ine,şeýdip ol şäher mekdebinde okap başlady.
Ilkinji okuw günleri onda biraz kynçylyk döretdi.Täze synpdaşlar,
täze jaý,öň görülmedik nätanyş ýerler ony darykdyrdy.Emma birki gün
geçensoň ol hemme zada öwrenişdi..Şäher ýeri bolansoň,onuň
synpdaşlarynyň aglaba bölegi özbek milletlidiler.Olar diýseň terbiýeli
okuwçylardy.Merdan şäher bilen mazaly öwrenişdi.Synpdaşlary bilen
hem arasy gowudy.
Ine,şeýdip,günler geçip başlady.Okuwçylar nädip okuwyň
gutaranynam duýman galdylar.Tomusky dynç alyş başlandy.Merdan
hem öz obasyna dolandy.Öňki synpdaşlaryny gördi.Ol oba gelen güni iň
ýakyn dosty Orazlara bardy.
―Merdan,dostum,gel-geç –diýip,Oraz dostuny gadyrly garşy aldy.
―Oraz,dostum,ýagdaýlaň gowmy –diýip Merdan hem dostunyň halýagdaýyny sorady.Umuman aýdanyňda iki dost uzakdan-uzak
söhbetleşdiler.Olaryň gep-gürrüňi tükener ýaly däldi.Sebäbi dostlar biribirini kän wagtdan bäri görmändi.Oraz Merdana obadan gidensoň näme
üýtgeşmeleriň bolandygyny aýdyp berdi...
...Ine,şeýdip,tomusky dynç alyş hem tamamlandy.Okuwçylar ýene 1-
nji sentýabrda okuw esbaplaryny alyp mekdebe bardylar.Olary synp
ýolbaşçysy Şirin Myradowa mähirli garşy aldy.
―Gadyrly okuwçylar!Tomusky dynç alyşy gowy geçirdiňizmi?! –diýip
Şirin mugallym okuwçylardan sorady.
―Hawwa -diýip,okuwçylaryň hemmesi biragyzdan jogap berdiler.
Mugallym okuwçylar bilen okuw hem-de tertip meselesi barada biraz
gürrüň etdi-de sapaga başlady.Merdan ýene öňküleri ýaly,okuwy dowam
etdi.Synpda gowy okaýan diňe Merdan däldi.Synpdaşy Kamila hem
onuň bilen deň derejede okap bäsleşýärdi.Olar biri-biri bilen ýaryşyp
okaýardylar.Her hepde alan bahalaryny deňeşdirip görýärdiler.
Kamila gök gözli, öwşün atýan gara saçly, akja ýüzli, orta boýly
gyzjagazdy.Ol diýseň owadan gyzdy.Synpda hemme oglanlar oňa
aşykdy.Emma onuň ne söýgi bilen,ne-de ýigit bilen işi ýokdy.Bar ünsi
okuwdady

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.