Okar ýaly...

Saňa bir aýdym ýazdym, söýgüliň bilen diňlärsiň.
(Türk aýdymyndan)



Seretmän hiç geçýän pasla
Şygyr ýazdym salyp waspa
Ýatlama ýatyrmaz asla
Geçmişiňe bakar ýaly

Getiren ylham joşuny-
Unutman göz-u-gaşyňy
Diledim her gözýaşyňy
Diňe bagtdan akar ýaly

Bar pikriňi serde jemle
Ýa bolmasa ýürek diňle
Adymy bir ýere belle
Ogluň bolsa dakar ýaly

Bolsakda bir ýürek, bir ten
Ne sen ýazykly, ne-de men
Geljegi öňden etdik çen
Her kim bagtyn çokar ýaly

Arzuwlarmy tüýt-müýt etmen
Del hyýala göwün sürtmen
Diňe bulut bolup ötmen
Bir gün güneş çykar ýaly

Ýalňyzlygy men çekerin
Gussa baga gam ekerin
Toýuňda oýnap bökerin
Garny doýan tokar ýaly

Kä yza, kä öňe ozdum
Yşgyň köçesinde tozdum
Indem şu goşguny ýazdym
Ýaryň bilen okar ýaly


Ylham GURBANALYÝEW
11 лайков 181 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
17 июл 2022, 20:36
Sana bir şarkı yaptım, sevgilinle dinlersiniz.
#Rope - Böyle olsun istemezdim.mp3
Goşgy örän gowy, galamyňyz batly bolsun!
Oksimiron
17 июл 2022, 21:28
Tüweleme, ýazyberseň bolaýjak ýaly..
Belki
17 июл 2022, 23:25
Adymy bir ýere belle
Ogluñ bolsa dakar ýaly

BEREKELLA!
Mystery
17 июл 2022, 23:54
...gowy goşgy!
Massimus
18 июл 2022, 08:52
Bravo
Massimus
18 июл 2022, 08:52
Bravo
Gauzen
18 июл 2022, 13:08
Tüweleme brawo
nurana
18 июл 2022, 14:30
Like❤️
Apples
18 июл 2022, 16:21
Diledim her gözýaşyňy
Diňe bagtdan akar ýaly
Gowy eken