Okar ýaly..

*****
Saňa bir aýdym ýazdym, söýgüliň bilen diňlärsiň..   (Türk aýdymyndan)
*****

Seretmän hiç geçýän pasla
Şygyr ýazdym salyp waspa
Ýatlama ýatyrmaz asla
Geçmişiňe bakar ýaly

Getiren ylham joşuny-
Unutman göz-u-gaşyňy
Diledim her gözýaşyňy
Diňe bagtdan akar ýaly

Bar pikriňi serde jemle
Ýa bolmasa ýürek diňle
Adymy bir ýere belle
Ogluň bolsa dakar ýaly

Bolsakda bir ýürek, bir ten
Ne sen ýazykly, ne-de men
Geljegi öňden etdik çen
Her kim bagtyn çokar ýaly

Arzuwlarmy tüýt-müýt etmen
Del hyýala göwün sürtmen
Diňe bulut bolup ötmen
Bir gün güneş çykar ýaly

Ýalňyzlygy men çekerin
Gussa baga gam ekerin
Toýuňda oýnap bökerin
Garny doýan tokar ýaly

Kä yza, kä öňe ozdum
Yşgyň köçesinde tozdum
Indem şu goşguny ýazdym
Ýaryň bilen okar ýaly


Ylham GURBANALYÝEW
2022
6 лайков 107 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
15 фев 2023, 11:49
Gowja
Gerceknazar
15 фев 2023, 12:55
Gowja aýdymam etse boljak
Aksary
15 фев 2023, 13:02
Aýdymdan daşyrakda