hekaýaçy

Hekaýaçy ýagyşyñ ýagýandygyny aýdyp biler, ýöne onuñ nädip ýagýandygyny düşindirmek awtora degişli däldir. Mysal üçin, garyp adamyñ durmuşy hakynda ýazýan bolsa, onuñ garyplygynyñ düýbini derñemek, awtoryñ işi däldir. Dostoýewskiniñ gürrüñ berýän humarbazynyndan, psihoanaltik netijeleri çykarmak Freýdiñ işidi. Roskolnikowyñ jenaýaty näme üçin boýun alandygyny çözmegem Bergsonyñ paýyna düşüpdi...
*
Ýene biri gelip, şol bir eserden, olaryñ alan netijelerinden düýpgöter tapawutlanýan netijänem orta atyp biler. Edil tebigata nazaryýetleri ýaly: Galileý bilen Arhimediñ, Nýuton bilen Eýnşteýniñ tebigata nazary birmeñzeşdimi?!. Ýöne hemmesiniñ nazar salýany şol bir tebigatdy we şonluguna-da galýar...edil bir edebi eser ýaly..
2 лайков 140 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Balary
Автор 18 июл 2022, 15:50
kopiýalanylmaga, awtordan birugsat paýlaşylmaga degişli däl.
Gauzen
18 июл 2022, 15:56
Цитата: Balary
kopiýalanylmaga, awtordan birugsat paýlaşylmaga degişli däl.

Üýtgeşik zat ýaly etdiň ?
Balary
Автор 18 июл 2022, 16:00
okadyñyzmy?!.
Balary
Автор 18 июл 2022, 16:01
siz üçin üýtgeşik bolmadyk zat başga birileri üçin añyrbaş derejede bolup bilýändigni aýdaýyn!.
Balary
Автор 18 июл 2022, 16:36
aslynda bu ulyrak zatdan bir bölek. metbugata hödürlemänkäm bärde bölejik goýaýýan.
Hiayress
18 июл 2022, 16:52
Balary,
Durşuna goýmasaňyz, parçasyndan düşünjek derejede üşükli däldiris. :)
Gauzen
18 июл 2022, 20:42
Цитата: Balary
siz üçin üýtgeşik bolmadyk zat başga birileri üçin añyrbaş derejede bolup bilýändigni aýdaýyn!.

Aý siz ýaly akylymyz daş ýaryp duranokda nädeli ;)
Balary
Автор 26 июл 2022, 18:02
Gauzen aklyñ daş ýarmadyk bolsa, daş aklyñyzy ýarandyr:)