Kabir ýagdaýlar

Biz zat nähili başlasa şeýle hem dowam edýär. Orta mekdebe öwrenşip bilmedim. Ilkinji minutlarda mollym: "Ýazda haýsy miweler bişýär, gyş pasly nähili bolýar" ýaly bolgusyz zatlar samyrdaýar. Iñ bir içýakgynç ýeri bolsa, maý bermän ony-muny düşindirjek bolýar. Mendenem bir zat soraýmasyn diýip, gorkujugymdan ýaña ýüzimi partadan galdyrmaýardym.
Birem aýdym sapagy. :/ Repertuarymyz çagalar üçin niýetlenilen bolar bolgusyzja aýdymlardan ybaratdy. Dogrysyny aýtsam, synpdaşlarmyzyñ ukyplary höweslerinden juda kemter gaýdýardy. Meniñ bolsa hora goşulmaga garşy çykyp, agzymy ýumýandygym üçin,  gysgajyk arakesmelerde mollymym adymy tutup özüçe sungata çekmek isleýärdi. Utanjymdan ýaña ýer-ä ýarylanokdy, menem giremokdym. Menden, öýde Şostakowiç diñleýän menden: "Bagjagazlar, güljagazlar.." diýip aññyrmagyma garaşýardylar. Näme-de bolsa tersmilletdigim hemem aram-aram içimde köwsarlaýan tupanyñ ýüzüme çykýandygy üçin, mugallym meni körzehin hasap edip, ýüregime bagryma düşmesini goýbolsun etdi.
3 лайков 278 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Balary
Автор 18 июл 2022, 17:24
eýesinden birugsat paýlaşmak bolanok
Balary
Автор 18 июл 2022, 17:25
mekdep çagalyk ýatlamalaryndan ýazsañyz
#B.S
18 июл 2022, 17:26
(C) copyright.
all right reserved
Balary
Автор 18 июл 2022, 17:28
Khanture

C) copyright.
all right reserved
+++
Hiayress
18 июл 2022, 17:29
Bizä agam ýatlama ýazamzok. Öňem biriniň aýdyşy ýaly: "Günüň aşagynda ommalyp otag edýäris". Şonuň üçin arkaýyn bolup bilersiň. :)
Hiayress
18 июл 2022, 17:30
Khanture,
Bu näme diýmek bolýar zatyrt?! Iňlisçede gözüm kütek görüp başlady. :)
Apples
18 июл 2022, 17:37
Balary,
Biz dalde bir bolmaly oydyan(1nji sozun)
Balary
Автор 18 июл 2022, 17:42
öwf, howwa bir bolmaly. her gezek ýalñyş gidýär.
Balary
Автор 18 июл 2022, 17:42
Hiayress, bu ýatlama däl. bir bölejik.
Waleryanka
18 июл 2022, 17:44
Balary,
Tersmillet- bu başga bir millet, türkmen däl diýmekmi?
Balary
Автор 18 июл 2022, 17:45
Wleryanka, iliñ tersine.
Ötegçi
18 июл 2022, 17:46
Mugallymym maña güýçli artist bolar diýipdi 1nji klasda :)
Apples
18 июл 2022, 17:46
Mekdepde in kop ulanyan sozlerim indiki sapak aydyp berayin , oyde galypdyr??
Waleryanka
18 июл 2022, 17:48
Цитата: Balary
Wleryanka, iliñ tersine.

Siz @Geçip baryarka sowlan dälmi?
Ötegçi
18 июл 2022, 17:48
Soñ güýcli hudožnik.
Soñ....
Soñ...
Soñ...
Iñsoñunky ýolbaşçymyz işsiz pişesiz-içýakgynç bor diýdi?
Balary
Автор 18 июл 2022, 17:49
Waleryanka ýok men ol däl
Balary
Автор 18 июл 2022, 17:52
Waleryanka, name üçin beý diýeniñizi bilip bolarmy?!.
Ötegçi
18 июл 2022, 17:54
@Kind_boy, o sözleri ýazýan depderiñi sajyñ aşagynda goýmak üçin ulanoñok geräm?!???
Waleryanka
18 июл 2022, 18:00
Цитата: Balary
Waleryanka, name üçin beý diýeniñizi bilip bolarmy?!.

Ýazyş , gürleýiş stiliňizi şoňa meňzetdim.
Apples
18 июл 2022, 18:18
Ötegçi,
Yo on un dal mekdebimizin hajathanasynda bumaga yoklay?
S❤
18 июл 2022, 19:05
Dilim ceper bolanson bir okan yerimi uytgedip suyjedip uzaaaaaadyp hatda dinlenmeyan derslerde yagny taryhda ozum urusdurup ozum yarasdyup cozduryanlardan men. Onumdaki bir iki sany okap gelenler hayran galyp seredip oturyalar. Aldayandygymy bolsa mugallym bilenok.
Ahli dersdede beyle dal welin kabirlerinde seylerakda
Balary
Автор 18 июл 2022, 20:14
Waleryanka, yokarky mowzukda diýýän nigiñizi synladym wln ýene soraglar döredi. aý, bor-da...