Öz-özüm bilen özümçe söhbetdeşlik

- Salam, Mahym.
- Salam.
- Şu gün seniñ bilen öz durmuşyñ hemem käbir duýgy-düşünjelere garaýşyñ dogrysynda söhbetdeşlik geçiresim gelýär. Mümkinmi?
- Baş üstüne!
- Söhbetdeşligimiziñ başyny çagalygyñdan başlaýaly. Çagalyk döwründäki başdangeçirmelerimiz hemmämiz üçin eziz bolsa gerek. Seniñ çagalygyñ nähili geçdi?
- Çagalygyma degişli ýatlamalaryma dolananymda ol hakynda "gowy" ýa-da "ýaramaz geçdi" diýip, aýdyp bilmejekdigime düşünýärin. Ýatlamalarymyñ içinde oñatlary-da bar ýaramazlary-da. Kakasyz, dogan-jigisiz, daýymlarda ulalanymy göz öñünde tutsag-a çagalygyma şadyýan diýip bolmasa gerek, emma beýleki bir tarapdanam daýymyñ perzentleri hemem köçämiziñ beýleki çagalary bilen günde-günaşa oýnaýan oýunlarymyzy ýatlanymda o diýenem ýaramaz geçmändigine düşünýärin.
- Mekdep ýyllaryñyz hakda-da kelam agyz durup geçseñiz...
- Men heniz mekdebe gitmäkäm okamany öwrenipdim. Üstesine-de harplaman okaýardym. Başlangyç synp mugallymym bu ýagdaýy turuwbaşdan halamandy. Harplap okamagymy isleýärdi. Öñe gidip barýan otlyny yza tesdirjek bolmak ýalydy. Ilki günümden başlap, iñ köp gatnaýan ýerim kitaphana bolupdy. Kitaphananyñ işgäri ýedi ýaşdaky okuwça kitap bermeýändigi üçin ejem bilen bile gitmeli bolardyk. Deñ-duşlarym bilen gatnaşygym ilkibaşlarda juda oñatdy. Iki sany atdaş joralarym bardy. Soñ kitaplar dünýäsine aralaşdygymça olar bilen dünýägaraýşymyzyñ tersligine düşünenimdenmi nämemi ýekeligi saýlap başladym. Bu ýagdaýym talyplykda-da dowam etdi.
- Talyplyk diýdiñiz. Haýsy okuw jaýyna kabul edilenligiñizi gürrüñ beräýseñiz.
- Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ mekdebe çenli terbiýe (çagalar bagynda iñlis dilini okatmak hukugy bilen) hünärine kabul edildim.
- Näme üçin terbiýeçilik?
- Terbiýeçiligi söýüp saýlamadym. Ýüregimde möwç urýan talyp bolmak islegi sebäpli saýlan hünärime o diýenem üns bermedim. Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ gapysyndan ädim äden ilkinji günümden başlap, bir hakykata göz ýetirdim : "Terbiýeçi bolmak üçin ilki özüñi terbiýelemeli".
- Onsoñ özüñizi terbiýeläp bildiñizmi?
- Talyp döwrüm babatda aýtsam terbiýeläp bilendirin öýdemok. Belki ondan soñ...
- Çagalar bilen gatnaşygyñyz nähili?
- Öýümizde çaga bolmany üçin çagalar babatda öwrenenlerimi diñe ikinji ýyllyk talyp wagtymda tejribeliklere gidip başlanymda synamak pursatym boldy. Şonda teoriýa we praktikanyñ aratapawudynyñ ýer bilen gök ýalydygyna düşündim.
- Tejribelik döwründe nähili ýatlamalaryñyz bar?
- Bir topary öz içinde üç bölege bölüp, her bölegine gözegçilik etmek üçin aýry mugallym berkidilip, her haýsy-da aýry çagalar bagyna ugradylýardy. Biziñ paýymyza düşen mugallym juda talapkärdi. Her hepde bir talyp açyk sapak geçip görkezerdi, galan ýedi sany talyp ýolbaşçylyk edýän mugallym bilen bilelikde sapagy synlardylar, ondan soñam sapagyñ artykmaçlyklary we kemçilikleri hakda pikir alşylardy. Şol sapaklarda ilkibada çagalaryñ ünsüni özümize gönükdiribilmekde kösenýärdik. Nädenimde çagalaryñ ünsüni sapakdan aýyrman saklabiljegim hakda kelle döwýärdim. Ahyry, bir sapakda islegim amala aşdy. Öwrediji oýunlaryñ üsti bilen şeýle bir şowly geçdi welin , talyplaram mugallymymam birkemsiz diýip baha berdiler.
- Işdäki başdangeçirmeleriñiz hakda aýdaýsañyz...
- Işe başlan ilkinji iki ýylym bakja toparda araçy terbiýeçi bolup işläpdim. Üçünji ýylym mekdebe taýýarlaýyş toparda baş terbiýeçilige işe girişdim.
- Kiçi ýaşly we uly ýaşly çagalar bilen işleşmegiñ nähili tapawutlary bar?
- Kiçi ýaşly çagalaryñ heniz bedeni doly berkäp ýetişmänligi üçin olaryñ idegi has ünsli bolmagy talap edýär. Üstesine-de zähmetiñ öz-özüñe hyzmat etmek görnüşi olarda kemala gelmänligi üçin güýz we gyş pasyllarynda çagalar bagyna geýip gelen daşky geýimlerini çykarmak, gaýdanlarynda, ýañadan geýdirmek zerur. Uly toparda bolsa bu zerurlyk aradan aýrylýar.
- Tolstoý sorapdyr "Ynsan näme bilen ýaşar?". Bu soraga sen näme jogap bererdiñ?
- Özüne ynamy, ýakynlarynyñ ýanynda bolmagy...
- Sende bularyñ ikisem barmy?
- Özüme ynamymy ýuwaş-ýuwaşdan gazanýaryn. Ýakynlarym babatda aýtsam bolsa men juda bagty çüwen.

Dowamy bar.
6 лайков 271 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
06 июл 2023, 19:48
Ýöne-möne adam dälligiňi daşyňdanam bildirýärdi. 7 ýaşyňda harplaman okap bilýän bolsaň saňa okuwam gerek däl eken :) Çagalygyň barada , kakasyzlyk duýgysy barada giňişleýin tragediýa ýazyp boljak eken.

Dowamyna garaşýan.
Gerceknazar
06 июл 2023, 19:50
Sen dagy öz durmuşyň barada has uzyn-uzyn eserler ýazmala.
Belki
Автор 06 июл 2023, 20:17
Gerçeknazar, men prozaçy däl-dä (( Isleýşim ýaly bolmaz öýdüp gorkýan. Ýogsa kän kellä gelipdi. Şeýdip azajyk batyrgaýlandyrsañyz-a ýüreklenäýmegimem mümkin eser ýazmak babatda.)
Belki
Автор 06 июл 2023, 20:29
Gerçeknazar, wiý galyberse-de kakasyzlyk babatda "Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat" oýlanmamyñ birinji we ikinji bölümlerinde giñişleýin ýazypdym. Olaram şu saýtda bolmaly.
Sapar aga
06 июл 2023, 23:28
"Soñ kitaplar dünýäsine aralaşdygymça olar bilen dünýägaraýşymyzyñ tersligine düşünenimdenmi nämemi ýekeligi saýlap başladym. Bu ýagdaýym talyplykda-da dowam etdi."

Edebiýatşynaslygyň ilkinji häsiýetlerinden biri başga düşünjeleriň bardygyna göz ýetirmek dälmi, beýle bolsa başgalarynyň tapawutly düşünjelerini kabul edip bilmek zerurlygy ýüze çykmaýarmy?
Gerceknazar
06 июл 2023, 23:41
Belki, gorkmak hökmanmyka ? Prozaçam bolarsyň hökman . ýüreklenmegiňi arzuwlaýan.
Goklors
07 июл 2023, 08:28
öýde bir çaga maşgala bolup seredip bolanok, sadikda 20-30 çaga biri seretýär. çaga öýde birtüýsli sadikda mumlyýuplik bolaýýar.
Venus
07 июл 2023, 08:30
Ahtopot,
Kitaby köp okaýanlaryň aglaba bölegi, köpçülikden yekeligi has gowy görýär.
Belki
Автор 07 июл 2023, 08:56
Ahtapot, kabul edýäñ ýöne kitaplaryñ çuñ dünýäsi özüñe has ýakyn bolýar.
Belki
Автор 07 июл 2023, 08:59
Göklors, çagalar bagyndaky terbiýeçiniñ çemeleşişi ýaly çynlakaý çemeleşilen we belli bir gün tertibi ýöredilen halatynda çagany öýde-de şeýle saklamak mümkin.
Goklors
07 июл 2023, 11:00
prozaçy bolmajagyňy bilseň baş goşmazlygyň ýagşy. Soň käbirleri ýaly özüňi aldap ýörýäň.
Seoul
07 июл 2023, 11:29
1nji soraga jogap berin ýeriň gutaran ýerine çenli okamda şunça medenýetli gürlejek ýa ýazjak bolup suwuny myžžygyny çykarapsyň. Türkmen pahry bir zady etjek bolsa gözüni çykarýa. Gereginden artyk hemme zadam artyk bolýa
Seoul
07 июл 2023, 11:34
"Talyp döwrüm babatda aýtsam terbiýeläp bilendirin öýdemok. Belki ondan soñ..."


Onähili öýdeňok :)) heh, özüe ynamyň ýokmy? Terbiýeläp bildim ýa bilmedim. Boldy. Özüňden başga kim bilsin ozuni terbiyelanini ya terbiyelemanini. Eger cyndanam bilmeyan bolsana oz ozuni terbiyelan dal bolmaly ;)
Seoul
07 июл 2023, 11:36
Gerceknazar,
Goýaýow erkek bol
Seoul
07 июл 2023, 11:38
Belki
Gerçeknazar, men prozaçy däl-dä (( Isleýşim ýaly bolmaz öýdüp gorkýan. Ýogsa kän kellä gelipdi. Şeýdip azajyk batyrgaýlandyrsañyz-a ýüreklenäýmegimem mümkin eser ýazmak babatda.)

Men düsünip bilemak. Bir zadyň nahili bolmalydygyny isleyan bolsan sol etjek zadyny isleysine gora neuzeli edip bolanok.
Seoul
07 июл 2023, 11:45
Ahtopot
"Soñ kitaplar dünýäsine aralaşdygymça olar bilen dünýägaraýşymyzyñ tersligine düşünenimdenmi nämemi ýekeligi saýlap başladym. Bu ýagdaýym talyplykda-da dowam etdi."

Edebiýatşynaslygyň ilkinji häsiýetlerinden biri başga düşünjeleriň bardygyna göz ýetirmek dälmi, beýle bolsa başgalarynyň tapawutly düşünjelerini kabul edip bilmek zerurlygy ýüze çykmaýarmy?

Ahtopot,
Muna oz pikirimi aydayynmy? Caga ejesiz ya kakasyz bolsa, caga kaka (eje) mahrine zar bolýar. Sol mahri her yerden goleyar. Islendik adamdan gozleyar. Ony edeyin diyip edenok, awtomat bolyar. Onsan sana basga adam eje ya kaka mahrini bermeyar. Onsan çaga şol mahrin yerini kitap, oyun, telefon ya haywana owrenismek bilen doldurmaga mejbur bolyar. Onsan gozleyan mahrini hic kimden tapmasa toweregindakilerden daslasmak bilen bolyar. Bu yerde toweregindakilere hormatsyzlyk ya negatiw pikirler bolman dine sol isleyan zadyny almanlygy ucin. Muny men realda gabat gelen we uns beri birnace adamy synlap gorup aytyan. Ylymda, psihologiyada nahili dilde dusundirilyandigini bilemok yone şeýlerak pikir bar mende
Seoul
07 июл 2023, 11:47
Venus23
Ahtopot,
Kitaby köp okaýanlaryň aglaba bölegi, köpçülikden yekeligi has gowy görýär.

Adamlardan gozleyan zadyny almanlygy un kitapdan motiwasya alyanlygy ucin bu zat
Seoul
07 июл 2023, 11:55
Goklors
prozaçy bolmajagyňy bilseň baş goşmazlygyň ýagşy. Soň käbirleri ýaly özüňi aldap ýörýäň.

Goklors,
Mark Zukerbergem facebookdan on birnace platforma doredipdi, J.K. Rowlingem Garry Potter eserinden on birnace eserler yazypdy, Beyonce hem ilki "Halo" aydymyny cykarmady.....
Seoul
07 июл 2023, 11:59
Üstünlik %1 ukyp, başarnyk; %1 nesibe, maňlaý; %98 never give up, никогда не сдавайся (türkmençe "hiç wagt ýan bermezlik, hic wagt boýun gaçyrmazlyk" ýaly bir manyda)
Belki
Автор 07 июл 2023, 12:01
Seoul, ynsan özi hakyndaky hemme zady bilmän bilýär, durmuş nämälimliklerden doly. Isleýän zadymyz amala aşman bilýär...
Belki
Автор 07 июл 2023, 12:08
Seoul, kitaplar babatdaky pikriñe gelsek. Meñki mähir däl-de pikirdeş gözlegidi. Kitapdan mähir alyp bolmajagy aý aýdyñdyr-la.
Seoul
07 июл 2023, 19:48
Elbetde kitapdan mähr alyp bolanok, bilýän, ýöne ünsiňi sowmana kömek etýär. Başgaça zar bopan zadyňy az wagtlygam bolsa ýadyňdan çykarýar.
Seoul
07 июл 2023, 19:52
Belki
Seoul, ynsan özi hakyndaky hemme zady bilmän bilýär, durmuş nämälimliklerden doly. Isleýän zadymyz amala aşman bilýär...

Hawa ynsan ozindaki hakykadyň nameligini anyk bilenok, goşulýan.
Maňada sen iň negatiw adam, haramzada ýöne saňa ýakynlaşdygyňça gowulygyňa ynanyp boljak, dünýä garaýşyň giň, kopi goren adamsyň, energiya wampiri, gorkunç akylly, depresiya dusurio stres basdyryan diydiler. Su sozleri birnace adamdan esitdim.