12 ýaşymda ýazan hekaýam
Gündogardan öwüsýän näzijek şemal,şemalyň ugryna iki ýana yranyp duran ýorunjalar,ýorunjalaryň üstünde her ýana gaýmalap ýorunja güllerinde tans oýnaýan kebelekler ýaşlyk ýyllarymy ýatladýardy. Men bagyň üstünde oturyp tebigaty synlaýan. Hanha alyslarda uzalyp , giň asmana görk berip duran bulutlar, bulutlaryň arasynda kä gizlenip käte jyklap gizlenpeçek oýnaýan Güneş, Güneşiň ýylysyna çoýunyp iki ýana ýaýkanýan bugdaýlar , durşy bilen gözellik.
Hawa men çagakam şu ýerlere köp gezek kakam bilen gelýärdim. Bir gezek şol goşahowdanda ýatdan çykmajak waka boldy .Ol wagtlar men on iki ýaşly oglanjykdym. Kakam, doganym, men , üç bolup her gün diýen ýaly Goşahowdana gawun-garpyz ýetişdirmäne gelerdik. Soňra Gün ýaşyp , garaňky gatlyşanda kakam bize:
- Halnazar , Jumanazar ýörüň öýe gaýdalyň- diýeninden soňra biz pillermizi, oraklarmyzy alyp ulaga mündik. Kakam ulagy işledip yza ýöremekçi bolanynda, şol Goşahowdanyň ilersindäki zeýiň içine girip gitdi. Kakam aljyrap yzly-yzyna ulagyň tormazyny basýardy. Ýöne şonda-da ulag zeýiň içine girip barýardy. Her nämede bolsa bizi Hudaý gorady. Ulag zeýiň düýbüne ýetmänkä saklandy.Biz ulagdan düşüp pyýadalap obamyza gitmek üçin uly ýola tarap ýöredik. Ahyry ýola ýetdik. Biz ýolyň gyrasyna baryp obamyza aşmak üçin geçen ulaga elimizi salgap duryberdik. Kän wagt geçmänkä biziň ýanymyzda bir ulag gelip durdy. Kakam ulaga golaýlanynda , ulagyň içindäki sürüji kakama ýüzlenip :
-Berdi aga salawmaleýkim - diýip seslendi. Kakam :
-Waleýkimessalam - diýeninden soň sürüji :
-Berdi aga Telmana barýaňmy?- diýdi. Kakam :
-Howwa Telmana barýan-diýeninden soňra sürüji :
-Mün äkideýin- diýdi .Şol wagt ulagyň öňünden bir gyz düşdi-de ulagyň yzyna geçdi. Menem şol gyzyň yz ýanyndan münüp onuň ýanjagazynda oturdym.Onuň ejesi hem oturan eken . Menem onuň sag tarapynda oturdym. Soňra agamam meniň sag gapdalymda otyrdy. Kakam ulagyň öňüne mündi. Kakam sürüji bilen her ýerden gürrüňler edip gelýärdi. Ulagyň yzyna dört bolup münenimiz üçin biraz gyslyşyp otyrdyk. Hasam meniň özüm ýaly ýaşajyk , owadanja gyzyň butlary meniň butlaryma gysylyp durdy. Men ýuwaşlyk bilen gyzy synladym. Hawa ol gyz hakykatdanam owadanjady. Ulagyň aýnasyndan girip gyzyň zülplerini oýnaýan şemal gyzy öňküsindenem owadanlaşdyrýardy. Onuň goňur gözleri, ak alkymynda menek-menek hallary, alma ýaly gyzarypjyk , pökgeripjik duran ýaňajyklary diýseň gözeldi. Men ony synladygymça synlasym geldi. Şu çaga ýüregimde oňa bolan üýtgeşik duýgylar oýandy. Biz obamyza derrew geldik. Meniň bolsa ol gyzyň ýanyndan hiç aýrylasym gelmedi. Men onuň bilen bir agyz gürleşmedik bolsamam oňa synym oturdy. Ahyry men ulagdan düşmeli boldum..
Ol gyzy görmänime ençe wagt bolupdy. Bir gün men adatdakylar ýaly goňşymyz Aýly kakamlarda Meret , Sapar , Durdy dostlarym bilen kiçijek stolda kiçijek blýard oýnap ýördik. Günortana golaý şol gyz ejesi bilen Aýly kakamlara myhmançylyga gelipdi. Şonda men dosdym Durdydan :
-Durdy o gyz kim?-diýip soradym . Durdy biperwaý:
-Eneş daýzamyň gyzy Baharlaý-diýip jogap berdi. Ahyry men şol gyzyň adyny bildim. Soňra günortan biz öýli-öýmize dargadyk. Men öýe baryp günortanlyk edinip daşaryk çykdym. Seretsem ilerden Bahar howlukman gaýralygyna ýuwaşjadan ýöräp gelýärdi. Men Bahara gözümi aýyrman seredýärdim. Ol Bahar diýseň bahar eken. Bahar ýaly owadan, bahar ýaly mylaýym we göwnaçyk . Baharam ogryn-ogryn maňa seredip gelýärdi . Men onuň ýanyna baryp ýürekdäkilerimi aýtmalydym ýöne... Ýöne çekinjeňlik keselim iki aýagymy baglap, dillerimi lala döndirdi. Ol deňirägime golaýlady-da bir enaýy ýylgyrdy. Ol meniň tomus dünýämem bahara öwürip , ýüregimi joşa getirýärdi. Biziň howlymyz esasanam haýathana gidilýän ýol göni şol köçäniň gyrajygyndan geçýärdi. Men hajathana barýandansyrap Bahary ýol boýyna synlap gelýärdim. Onuň goňur gözleri, örüm-örüm garaja saçlary, iň esasanam kalbymy dilim-dilim edýän enaýyja ýylgyryşy hiç haçan hakydamdan çykmaz. Biz sözler bilen dälde gözler bilen gürleşip barýardyk . Ine-de men hajathana ýetdim. Bahar bolsa ýuwaş ädimler bilen öz ýoluna gidiberdi. Ýok ol gitmedi , gaýta bu harasatly dünýämde ýyldyrym goýup , ylham çeşmäm bolup goşgydyr hekaýalaryma siňip gitdi. Şondan soňra ol gyzy hiç ýerde görmedim.
Gitdiň menden , gitdiň menden daşlaşyp
Seniň bilen gitdi ýüregmiň ýary
Ýöne ýatlamalar ýatdan çykmaýar
Ýatlaýaryn seni şol günden bäri
Gördüm ilki başda , on iki ýaşda
Şondan soňra asla görmedim seni
Aýt Baharym menden galdyňmy daşda
Ýa-da henizlerem söýýäňmi meni
Gitdiň menden, dolanmadyň yzyňa
Dillensene dünýäm nirde galdyň sen?
Kä göterlik , käte çöküp dyzyma
Şu wagt hem seni gözleýärin men
© Gerçeknazar AMANNAZAROW

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.