Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan

"Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan
* * *

Elbetde, boýnuma alýaryn,
Gödek men.
Ýöne sen bagyşla ahyr.
Gödekleň
Ýüregi ýuka,
Göwni näzik,
Özi lälijek bolýar.

Gödekligimden soň,
Gynanýaryn hem-de müýnürgeýärin,
Ýöne ony boýnuma almaýaryn.

Arzuw-maksatlarym galýar ýerine ýetmän,
Ýöne men olara gynanmaýaryn.

Ýoluňa göz dikip garaşýaryn,
Ak garly gyş, gülli bahar, güýz geçýär.
Ýöne gynanmaýaryn.
Men bilýärin:
Gelseň, garaşanymy hem boýnuma alman.

Örän ýakyn geljekde,
Mylaýym bolmagy göz öňünde tutýaryn.
Häzir bolsa gaşlarymy gapyşdyrman,
Ýa-da içýakgynç bolman,
Men men bolup bilmeýärin ahyry.

Seni üşäniňde çoýup bilmerin,
Birinjiden: Gün däl men.
Ikinjiden: islämok.
Üçünjiden: üşäňok sen, bilýärin.

Kemçiligim kä-ä-än,
Men olary toplaýaryn yhlasly.
Belki-de men ir-u-giç,
Kemçiliklerimiň muzeýini açaryn.

Ahyr ajap pikir kelläme geldi
Kellejigimi gowy görýärin, söýýärin.
Kellejigim juwan hem-de uzak ýaşasyn diýip,
Men ony ýeňilje hem ýuwanja pikirler bilen naharlaýaryn.
Asla maglumatlary saklamaýaryn.

Deň bolma,
hemişekiň ýaly bagyşla.
Bu zatlara kaýylsyň-la
«Munça bolsa ýagşy-la»
Diýseň ýeňersiň.

2007 ý.

Laçyn PÜRJÄÝEWA
2 лайков 182 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
18 июл 2022, 23:02
@mümkin,pyçagyñ alda gel :)
Ejegyz.
18 июл 2022, 23:06
Aksary,
Köp wagtdan bäri soraýyn diýip ýörün. Adyňyz näme ?
Öwreniji
Автор 18 июл 2022, 23:16
Aksary kitapçyda teswir ýazyp bolanokla
Aksary
18 июл 2022, 23:26
Цитата: Ejegyz
Aksary,
Köp wagtdan bäri soraýyn diýip ýörün. Adyňyz näme ?

Adym Baýgeldi!
Aksary
18 июл 2022, 23:28
Цитата: Remezan
Aksary kitapçyda teswir ýazyp bolanokla


Okyýjylar kategoriýasynda bolsañ,adminiñ gözegçiliginden soñ göýberilýär.myhman bolup girseñ teswir galdyryp bolanok
Öwreniji
Автор 18 июл 2022, 23:30
okyjy men, öňem girýädim ýöne akkauntym ýadymda däldi,
Ejegyz.
18 июл 2022, 23:31
Aksary,
Adym Baýgeldi!

Bolýa ?
Aksary
18 июл 2022, 23:34
Цитата: Remezan
okyjy men, öňem girýädim ýöne akkauntym ýadymda däldi,

Täzeden acynaýsana
Aksary
18 июл 2022, 23:35
Цитата: Ejegyz
Aksary,
Adym Baýgeldi!

Bolýa ?

Siziñ adyñyz näme diýäýsemmikäm :))
Öwreniji
Автор 18 июл 2022, 23:42
Aksary,
girdim men bir saýt bolsa ýuwul.adyk çemçe ýaly
Ejegyz.
18 июл 2022, 23:46
Aksary,
Siziñ adyñyz näme diýäýsemmikäm :))

Diýdiňiz) Enejan adym !
Ötegçi
18 июл 2022, 23:48
Formasy bn işim ýok wln, ýenilräjik kakýar
Aksary
18 июл 2022, 23:54
Цитата: Remezan
Aksary,
girdim men bir saýt bolsa ýuwul.adyk çemçe ýaly

Bäh şu jogap beriliş dilden dile geçip gelen söz düzümleri bolmaly,men-ä kän eşitdim özümem diýdim.

Hany onda Remezan kaka,agzalar "ýuwulmadyk çemçe ýaly" diýen jümläniñ manysy nedir?!
Öwreniji
Автор 18 июл 2022, 23:57
Aksary,
Ýuwulmadyk çemçe bilen nahar iýmäge işdä bolmaz, ýuregiňi bulaýan diýen manymyka diýýän
Öwreniji
Автор 18 июл 2022, 23:58
Ötegçi,
Men dogrymy aýtsam okamak labzymam ýok.
Öwreniji
Автор 18 июл 2022, 23:59
goşgyny, seljermegä beýle dursun