Poeziýada mozaikalar toplumy

Elbetde, boýnuma alýaryn,
Gödek men.
Ýöne sen bagyşla ahyr.
Gödekleň
Ýüregi ýuka,
Göwni näzik,
Özi lälijek bolýar.

Gödekligimden soň,
Gynanýaryn hem-de müýnürgeýärin,
Ýöne ony boýnuma almaýaryn.

Arzuw-maksatlarym galýar ýerine ýetmän,
Ýöne men olara gynanmaýaryn.

Ýoluňa göz dikip garaşýaryn,
Ak garly gyş, gülli bahar, güýz geçýär.
Ýöne gynanmaýaryn.
Men bilýärin:
Gelseň, garaşanymy hem boýnuma alman.

Örän ýakyn geljekde,
Mylaýym bolmagy göz öňünde tutýaryn.
Häzir bolsa gaşlarymy gapyşdyrman,
Ýa-da içýakgynç bolman,
Men men bolup bilmeýärin ahyry.

Seni üşäniňde çoýup bilmerin,
Birinjiden: Gün däl men.
Ikinjiden: islämok.
Üçünjiden: üşäňok sen, bilýärin.

Kemçiligim kä-ä-än,
Men olary toplaýaryn yhlasly.
Belki-de men ir-u-giç,
Kemçiliklerimiň muzeýini açaryn.

Op-ba-a-a!
Ahyr ajap pikir kelläme geldi
Kellejigimi gowy görýärin, söýýärin.
Kellejigim juwan hem-de uzak ýaşasyn diýip,
Men ony ýeňilje hem ýuwanja pikirler bilen naharlaýaryn.
Asla maglumatlary saklamaýaryn.

Deň bolma, hemişekiň ýaly bagyşla.
Bu zatlara kaýylsyň-la
,,Munça bolsa ýagşy-la“
Diýseň ýeňersiň.

Laçyn Pürjäýewa
2007ý.
3 лайков 124 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
30 янв 2023, 11:28
Bu goşgyň ýazylyş stiline näme diýilýäkä?
Perman Izakow
30 янв 2023, 11:29
Op-ba-a-a!
Ahyr ajap pikir kelläme geldi
Kellejigimi gowy görýärin, söýýärin.
Kellejigim juwan hem-de uzak ýaşasyn diýip,
Men ony ýeňilje hem ýuwanja pikirler bilen naharlaýaryn.
Asla maglumatlary saklamaýaryn.

Şu bendä birhilliräk.
Maksat
30 янв 2023, 18:08
Ÿetireniñe sagbol welin edil iñlisçe ÿazylan yaly sözlerini okadym manysyna düşünmedim menä.
Edepli Gödek
30 янв 2023, 21:22
PROLIGA,
Nämesi ýa niresi birhilliräk ildeş?))
Düşünmez ýaly ýeremä ýok)
Edepli Gödek
30 янв 2023, 21:24
PROLIGA,
Ap-"ak"ja goşgy diýilýä şuň ýazylyş stiline))
Perman Izakow
30 янв 2023, 22:47
_Bayat
PROLIGA,
Nämesi ýa niresi birhilliräk ildeş?))
Düşünmez ýaly ýeremä ýok)

Ýaş bolýaňla bibijan diýýäňmi :-)
Edepli Gödek
30 янв 2023, 23:43
PROLIGA,
Ýakdaý ýaş boýunça-da başga zat boýunça-da gaýtam men ýaş bolendaý))