Bilýärin
Bilýärin
Käte aldansam-da bolgusyz zada,
Häzir hakykaty görüp bilýärin.
Eýe bolmasak-da "Meşhur" bir ada,
Öz başardyk zadym edip bilýärin.
Öwünemok köpler ýaly boşsyrap,
Ynamly men gorkamok hiç guşsyrap,
Geýinemok iller ýaly betsiräp,
Men şol köne donly şuny bilýärin!
Goldaw berýän elden gelen kömegi,
Pişik däl men oýnar ýaly ýumagy,
Üýtgeşik däl menem oba oglany,
Il bilen ýaşaýan şuny bilýärin.
Rahymberdi Suhanow
Käte aldansam-da bolgusyz zada,
Häzir hakykaty görüp bilýärin.
Eýe bolmasak-da "Meşhur" bir ada,
Öz başardyk zadym edip bilýärin.
Öwünemok köpler ýaly boşsyrap,
Ynamly men gorkamok hiç guşsyrap,
Geýinemok iller ýaly betsiräp,
Men şol köne donly şuny bilýärin!
Goldaw berýän elden gelen kömegi,
Pişik däl men oýnar ýaly ýumagy,
Üýtgeşik däl menem oba oglany,
Il bilen ýaşaýan şuny bilýärin.
Rahymberdi Suhanow
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.