Sonetler çemeni
DOSTUMA
I.
Gel bu gün biz bile edeli söhbet,
Sözleşmek, gürleşmek adatyn açyp.
Gün geldikçe daşlaşylýar öñküden,
Täze dörän dostlañ doslugyn guçyp-
-Hamala olardan tapaýjak ýaly,
Bir-birekden tapylmadyk ýetmezi.
Şeýdip hasam bölekleýäs göwnümiz,
Şeýdip dünýäñ has köpeldýäs ýetmezin.
Görýärmiñ bar zada günäkär-ä biz,
Soñlanmaz ýazgydy ýazýarys telek.
Yzyndanam ham-hyýalda göwni bir,
Gezip ýörüs ýatlaşylmaga derek.
Gep edeli böwsüp günleñ bekedin,
Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn.
II.
Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn,
Dostum saña indi dynç almak gerek.
Düşün ähli zadyñ möwrüti çäkli,
Gerekler saglygña tutmaýar derek.
Saz diñle beýniñe rahatlyk eçil,
Teatra baryp syn et tomaşa.
Başagaýlyk bilen iýýän iýmitleñ,
Ornun çalyş bagyr-böwrek omaç:a.
Narpyzlyja çaý iç ýaltanma şoña,
Işde üş:än damarlaryñ ýumşasyn.
Düşünýän köp akyl satybersemem,
Gaharlanyp gelýan däldir oñşasyñ.
Göwne gaplap gelejegiñ hezzetin,
Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin.
III.
Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin,
Gyzykly gürrüñler köp bolmanmydy?!
Bälçireşip bolar-bolmaz ýazyşyp,
Soñam hoşlaşylyp gülünmänmidi?!
Çaga ýaly aýnak arzuwlar bilen,
Ençe umytlara biçipdik biçim.
Şeýdip doslugmyza goýupdyñ gözbaş,
Şeýdip apreliñem sowupdyk göçün.
Sözler azaşsa-da, ünsi sowardyk,
Pitiwa etmezdik, gyýçak sözlere.
Dogrusy şol günleñ ýakym ýylysy,
Mähir berip, ýol bermezdi ezlere.
Ruhlanaly başlangyçly sakadan
Hatlarmyzy bir-birege okadyp.
IV.
Hatlarmyzy bir-birege okadyp,
Ýylgyrmagam bagt ahyry bu günler.
Başagaýlyk bilen bolsagam alys,
Başa gaýlyk bermese bor göwünler.
Azaşmasañ bir alajy tapylýar,
Ýollañ gapyrgaly öwrümlerinden.
Ýöne munda kynçylyklar köp ahyr
taplanan, pisleriñ dogrumlaryndan.
Atalanan ýürek, arzysyz mydam,
Ony ýallakylyk edilýär. Galat.
Onsañ lezginkasyn oýnaýar galplyk,
Onsañ ýüzün salýar dostluk, adalat.
Gep gidýärkä, ýürekdeşlik barada,
Telefonyñ ekrany nä arada.
V.
Telefonyñ ekrany nä arada,
Ýylylygy duýýas-a biz hatlardan.
Hut şu ekran bizi tanyşdyrypdy,
(Ýollar uzak, tanyşlyga gatnardan).
Özüme galsa-ha suwjuklyk diýmän,
Ýeri gelse internedi gurnanyñ...
Sen deý ýürekdeşi baglany üçin,
Ömrüne, kesbine göwnüm gurbanam....
Ekranly telefon ýasanlarada,
Sarpaly ömrüne arzuwlap kemal,
Käte doñup 2G-ni işletýän,
Tmcell-iñ oýnunam eýleýän halal.
Daşlykdan arany has golaý edip,
Dostlugmyz ýürekde gaýnasa ýetik.
VI.
Dostlugmyz ýürekde gaýnasa ýetik.
Gaýnaşy deý "Balsaýada" Läläniñ.
Aramyza düşmeginden gorasyn
-Ýaradan, söz-gepi biweç a:lanyñ.
Ygrar aty sarçlygynda owadan,
Togtamasyn onyñ aýgytly bady.
Älem lebiz bilen binýat edilen,
Zemin onyñ wyždan atly zürýady.
Eleşan pikirler ykbala ýagy,
Ýagysy ol ýagşa ý:aran duýgulañ.
Ynamsyz ömürleñ soñy aýylganç,
Lagnatsyz, has gözel bolyar gaýgylar.
Ýaz göwün, göwünleñ baky bahary,
Gör biz gowy ýürekdeşler ahyry.
VII.
Gör biz gowy ýürekdeşler ahyry,
Begenşiñe joşup goşgular ýazýan.
Adama iñ uly bagt dälmi eýse,
Gadyryñ bilinse, gussañy syzsa.
Täleýe görk berip aýny wagtynda,
Gereklänim, syrdaşlygyñ goldowyñ.
Egnimden gop berip galdyrdyñ dostum,
Ters pikirleñ girdabynda goýmadyñ.
Irginsiz iñirdiñ lejikdirmedi,
Raýymy ýykmadyñ ýüzüm salamda.
Sen maña iñ uly hemdemim boldyñ,
I:ren wagtym, pikir, kagyz, galamdan.
Neneñsi arassa señ arzuw netiñ,
Köpler dostlugada bilenok ýetip.
VIII.
Köpler dostlugada bilenok ýetip.
Dostluk hut Tañrydan berilýär peşgeş.
Egerde durmuşda dostuñ bar bolsa,
Onda señ ykbalyñ daş ýaryp gelmiş.
Daş ýaran ykbala hemme höwesli,
Höwes geljegiñe döredýär ynam.
Ynam ýaşaýarka gülleýär ömür,
Ret edip geçmişiñ nogsanlyk gamyn.
Onsañ täze açylyşlar açylýar,
Goja dünýäñ wadarygyn wadalap.
Hut Barlyk wadaña hökmün ýöredýär,
Başyn sypap ak göwünleñ sadalañ.
Sada, ýüregi ak, dogumly, gerçek,
Toý etseñ toýuñda saz çalyp berjek.
IX.
Toý etseñ toýuñda saz çalyp berjek,
Kümüş kirşlerime basyp "näzeder".
Söýgüñe ýaryña gutlagym bolup,
Çalan sazym, bagt toýuñy ýaz eder.
Tans oýnajak aýak goşup köplere,
Ökjeli köwşümem ýadatmaz meni.
Ol gün hiç bir gudrat bökdemez göwnüm,
Goýman şatlanmagyñ joşmagyñ kemin.
Guwanaryn, çapak çarpyp goldaryn,
Ýaryñ toý tortdundan dadyran wagty,
Arzuwlap geljegñe iñ ýagşy günler,
Men senden mañlaýma sylaryn bagty.
Hiç bir pursat señ raýyñy ýykmasyn!
Gamly habaryñdan Hudaý Saklasyn!
X.
Gamly habaryñdan Hudaý saklasyn,
Hoş wagtly durmuşda owadan ýaşa.
Diñe üşäp geýmek üçindir telpek,
Başga wagt telpegiñ münmesin başa...
Dutarda läle çal, ýa-da Wepanyñ,
Aýdymyn aýtdyryp deñine gygyr.
Kätejik bolsa-da ýatlagyn menem,
Ýa-da dostluk hakda söhbede çagyr.
Sen saza düşünýäñ, hormatly söze,
Ynjanyñda şolara ber agramyñ.
Ussat ýazan wagty ýazýar eserin
Götermegi üçin halkyñ agramyn.
Ygraryñdan, alys goýup hederim,
Men mundan müdümi razy giderin.
XI.
Men mundan müdümi razy giderin,
Haçan gitsem, kaýyldyryn barlyga.
Ýöne göwün mydam höwes eýleýär,
Uzak ýaş, ýeñil gün, lälezarlyga.
Şonuñ üçin ölüm hakda gürlense,
Agyr gelýär yzygider diñlemek.
Aslynda göwni pes pessimistleri,
Il içinde adat ýaly geñlemek.
Ýogsa geñläre-de zat ýok ahyry,
Ölümiñ ýatlamak imandan nyşan.
Hudañ beren ýazgydyndan gaçma ýok,
Oña baş egilýar sogabyñ ogşap.
Gapyllykda jan ganatym batmasyn.
Seniñ mährem dostluk hakyñ haklasam...
XII.
Seniñ mährem dostluk hakyñ haklasam...
Müdümilik ýazsam sen hakda goşgy.
Dostum begenjiñi mälim et maña,
Begenç azaltýarmyş agyrlyk keşgin.
Agyrlyk az bolsa sada günlerde,
Ýowuz pursatda-da biller egilmez.
S:yna berk bolanda güýç alýar yhlas,
Yhlas bolsa güýçdir, pula berilmez.
Aldyranañ bar mysaly alñasap,
Öz-özüñe göwnüýetmez äñetme.
Ýa-da nä ederiñ bilmän urunma,
Görünmez ümdüzler başyñ sämetse.
Ýoluñy dowam et deñiz deý d:aşyp,
Ýylgyryp durmuşyñ oýnundan aşyp.
XIII.
Ýylgyryp durmyşyñ oýnundan aşyp,
Üstünlik gazanmak saña gelişýär.
Kynçylyklar uzak wagt eglenmän,
Ol şowluluk bilen ýerin çalyşýar.
Ýene ýaran bolýar onsañ hoşluklyr,
Dynçlygña lezzeti eçiler zähmet.
Her bir zady, alyp ýörme göwnüñe,
Sen asla olara berme ähmiýet.
Geçeni-geçdi bil, dowamly durmuş,
Daşyñy g:allasa ýaşlyk söýgüsi...
Edeplije bolgun garagol dostum,
Başyñ öpse, gözelleriñ öýmesi.
Ýürekdeş, ynamly has çenden a:şa,
Iñ mähriban dostum owadan ýaşa!
XIV.
Iñ mähriban dostym owadan ýaşa!
Her bir güniñ şan getirsin ömrüñe.
Abraýyñ, egniñde ýyldyzlar bilen,
Artyp, goşant bolsun ýaýrow germiñe.
Gapyñy kürteli gelnejem açsyn,
Saçagyñ bol bolsun, süýji-nogula,
Gyz doganlañ guwansynlar bagtyña,
Ejeñ gözi düşsin agtyk ogula.
Işleriñ ileri, sag bolup janyñ,
Güller açsyn umytlaryñ wysaly.
Diñe düýnde galsyn, ertä geçmesin,
Başyñ gaşap çözüp bilmez mysalyñ!
Arzuwdan berçigip diýmänkäñ "beset"
Gel bu gün biz bile edeli söhbet.
● Magistral.
Gel bu gün biz bile edeli söhbet,
Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn.
Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin,
Hatlarmyzy bir-birege okadyp.
Telefonyñ ekrany nä arada,
Dostlugmyz ýürekde gaýnasa ýetik.
Gör biz gowy ýürekdeşler ahyry,
Köpler dostlugada bilenok ýetip.
Toý etseñ toýuñda saz çalyp berjek,
Gamly habaryñdan Hudaý Saklasyn.
Men mundan müdümi razy giderin,
Seniñ mährem dostluk hakyñ haklasam.
Ýylgyryp durmyşyñ oýnundan aşyp,
Iñ mähriban dostum owadan ýaşa!
Laçyn ÖWEZOWA
I.
Gel bu gün biz bile edeli söhbet,
Sözleşmek, gürleşmek adatyn açyp.
Gün geldikçe daşlaşylýar öñküden,
Täze dörän dostlañ doslugyn guçyp-
-Hamala olardan tapaýjak ýaly,
Bir-birekden tapylmadyk ýetmezi.
Şeýdip hasam bölekleýäs göwnümiz,
Şeýdip dünýäñ has köpeldýäs ýetmezin.
Görýärmiñ bar zada günäkär-ä biz,
Soñlanmaz ýazgydy ýazýarys telek.
Yzyndanam ham-hyýalda göwni bir,
Gezip ýörüs ýatlaşylmaga derek.
Gep edeli böwsüp günleñ bekedin,
Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn.
II.
Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn,
Dostum saña indi dynç almak gerek.
Düşün ähli zadyñ möwrüti çäkli,
Gerekler saglygña tutmaýar derek.
Saz diñle beýniñe rahatlyk eçil,
Teatra baryp syn et tomaşa.
Başagaýlyk bilen iýýän iýmitleñ,
Ornun çalyş bagyr-böwrek omaç:a.
Narpyzlyja çaý iç ýaltanma şoña,
Işde üş:än damarlaryñ ýumşasyn.
Düşünýän köp akyl satybersemem,
Gaharlanyp gelýan däldir oñşasyñ.
Göwne gaplap gelejegiñ hezzetin,
Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin.
III.
Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin,
Gyzykly gürrüñler köp bolmanmydy?!
Bälçireşip bolar-bolmaz ýazyşyp,
Soñam hoşlaşylyp gülünmänmidi?!
Çaga ýaly aýnak arzuwlar bilen,
Ençe umytlara biçipdik biçim.
Şeýdip doslugmyza goýupdyñ gözbaş,
Şeýdip apreliñem sowupdyk göçün.
Sözler azaşsa-da, ünsi sowardyk,
Pitiwa etmezdik, gyýçak sözlere.
Dogrusy şol günleñ ýakym ýylysy,
Mähir berip, ýol bermezdi ezlere.
Ruhlanaly başlangyçly sakadan
Hatlarmyzy bir-birege okadyp.
IV.
Hatlarmyzy bir-birege okadyp,
Ýylgyrmagam bagt ahyry bu günler.
Başagaýlyk bilen bolsagam alys,
Başa gaýlyk bermese bor göwünler.
Azaşmasañ bir alajy tapylýar,
Ýollañ gapyrgaly öwrümlerinden.
Ýöne munda kynçylyklar köp ahyr
taplanan, pisleriñ dogrumlaryndan.
Atalanan ýürek, arzysyz mydam,
Ony ýallakylyk edilýär. Galat.
Onsañ lezginkasyn oýnaýar galplyk,
Onsañ ýüzün salýar dostluk, adalat.
Gep gidýärkä, ýürekdeşlik barada,
Telefonyñ ekrany nä arada.
V.
Telefonyñ ekrany nä arada,
Ýylylygy duýýas-a biz hatlardan.
Hut şu ekran bizi tanyşdyrypdy,
(Ýollar uzak, tanyşlyga gatnardan).
Özüme galsa-ha suwjuklyk diýmän,
Ýeri gelse internedi gurnanyñ...
Sen deý ýürekdeşi baglany üçin,
Ömrüne, kesbine göwnüm gurbanam....
Ekranly telefon ýasanlarada,
Sarpaly ömrüne arzuwlap kemal,
Käte doñup 2G-ni işletýän,
Tmcell-iñ oýnunam eýleýän halal.
Daşlykdan arany has golaý edip,
Dostlugmyz ýürekde gaýnasa ýetik.
VI.
Dostlugmyz ýürekde gaýnasa ýetik.
Gaýnaşy deý "Balsaýada" Läläniñ.
Aramyza düşmeginden gorasyn
-Ýaradan, söz-gepi biweç a:lanyñ.
Ygrar aty sarçlygynda owadan,
Togtamasyn onyñ aýgytly bady.
Älem lebiz bilen binýat edilen,
Zemin onyñ wyždan atly zürýady.
Eleşan pikirler ykbala ýagy,
Ýagysy ol ýagşa ý:aran duýgulañ.
Ynamsyz ömürleñ soñy aýylganç,
Lagnatsyz, has gözel bolyar gaýgylar.
Ýaz göwün, göwünleñ baky bahary,
Gör biz gowy ýürekdeşler ahyry.
VII.
Gör biz gowy ýürekdeşler ahyry,
Begenşiñe joşup goşgular ýazýan.
Adama iñ uly bagt dälmi eýse,
Gadyryñ bilinse, gussañy syzsa.
Täleýe görk berip aýny wagtynda,
Gereklänim, syrdaşlygyñ goldowyñ.
Egnimden gop berip galdyrdyñ dostum,
Ters pikirleñ girdabynda goýmadyñ.
Irginsiz iñirdiñ lejikdirmedi,
Raýymy ýykmadyñ ýüzüm salamda.
Sen maña iñ uly hemdemim boldyñ,
I:ren wagtym, pikir, kagyz, galamdan.
Neneñsi arassa señ arzuw netiñ,
Köpler dostlugada bilenok ýetip.
VIII.
Köpler dostlugada bilenok ýetip.
Dostluk hut Tañrydan berilýär peşgeş.
Egerde durmuşda dostuñ bar bolsa,
Onda señ ykbalyñ daş ýaryp gelmiş.
Daş ýaran ykbala hemme höwesli,
Höwes geljegiñe döredýär ynam.
Ynam ýaşaýarka gülleýär ömür,
Ret edip geçmişiñ nogsanlyk gamyn.
Onsañ täze açylyşlar açylýar,
Goja dünýäñ wadarygyn wadalap.
Hut Barlyk wadaña hökmün ýöredýär,
Başyn sypap ak göwünleñ sadalañ.
Sada, ýüregi ak, dogumly, gerçek,
Toý etseñ toýuñda saz çalyp berjek.
IX.
Toý etseñ toýuñda saz çalyp berjek,
Kümüş kirşlerime basyp "näzeder".
Söýgüñe ýaryña gutlagym bolup,
Çalan sazym, bagt toýuñy ýaz eder.
Tans oýnajak aýak goşup köplere,
Ökjeli köwşümem ýadatmaz meni.
Ol gün hiç bir gudrat bökdemez göwnüm,
Goýman şatlanmagyñ joşmagyñ kemin.
Guwanaryn, çapak çarpyp goldaryn,
Ýaryñ toý tortdundan dadyran wagty,
Arzuwlap geljegñe iñ ýagşy günler,
Men senden mañlaýma sylaryn bagty.
Hiç bir pursat señ raýyñy ýykmasyn!
Gamly habaryñdan Hudaý Saklasyn!
X.
Gamly habaryñdan Hudaý saklasyn,
Hoş wagtly durmuşda owadan ýaşa.
Diñe üşäp geýmek üçindir telpek,
Başga wagt telpegiñ münmesin başa...
Dutarda läle çal, ýa-da Wepanyñ,
Aýdymyn aýtdyryp deñine gygyr.
Kätejik bolsa-da ýatlagyn menem,
Ýa-da dostluk hakda söhbede çagyr.
Sen saza düşünýäñ, hormatly söze,
Ynjanyñda şolara ber agramyñ.
Ussat ýazan wagty ýazýar eserin
Götermegi üçin halkyñ agramyn.
Ygraryñdan, alys goýup hederim,
Men mundan müdümi razy giderin.
XI.
Men mundan müdümi razy giderin,
Haçan gitsem, kaýyldyryn barlyga.
Ýöne göwün mydam höwes eýleýär,
Uzak ýaş, ýeñil gün, lälezarlyga.
Şonuñ üçin ölüm hakda gürlense,
Agyr gelýär yzygider diñlemek.
Aslynda göwni pes pessimistleri,
Il içinde adat ýaly geñlemek.
Ýogsa geñläre-de zat ýok ahyry,
Ölümiñ ýatlamak imandan nyşan.
Hudañ beren ýazgydyndan gaçma ýok,
Oña baş egilýar sogabyñ ogşap.
Gapyllykda jan ganatym batmasyn.
Seniñ mährem dostluk hakyñ haklasam...
XII.
Seniñ mährem dostluk hakyñ haklasam...
Müdümilik ýazsam sen hakda goşgy.
Dostum begenjiñi mälim et maña,
Begenç azaltýarmyş agyrlyk keşgin.
Agyrlyk az bolsa sada günlerde,
Ýowuz pursatda-da biller egilmez.
S:yna berk bolanda güýç alýar yhlas,
Yhlas bolsa güýçdir, pula berilmez.
Aldyranañ bar mysaly alñasap,
Öz-özüñe göwnüýetmez äñetme.
Ýa-da nä ederiñ bilmän urunma,
Görünmez ümdüzler başyñ sämetse.
Ýoluñy dowam et deñiz deý d:aşyp,
Ýylgyryp durmuşyñ oýnundan aşyp.
XIII.
Ýylgyryp durmyşyñ oýnundan aşyp,
Üstünlik gazanmak saña gelişýär.
Kynçylyklar uzak wagt eglenmän,
Ol şowluluk bilen ýerin çalyşýar.
Ýene ýaran bolýar onsañ hoşluklyr,
Dynçlygña lezzeti eçiler zähmet.
Her bir zady, alyp ýörme göwnüñe,
Sen asla olara berme ähmiýet.
Geçeni-geçdi bil, dowamly durmuş,
Daşyñy g:allasa ýaşlyk söýgüsi...
Edeplije bolgun garagol dostum,
Başyñ öpse, gözelleriñ öýmesi.
Ýürekdeş, ynamly has çenden a:şa,
Iñ mähriban dostum owadan ýaşa!
XIV.
Iñ mähriban dostym owadan ýaşa!
Her bir güniñ şan getirsin ömrüñe.
Abraýyñ, egniñde ýyldyzlar bilen,
Artyp, goşant bolsun ýaýrow germiñe.
Gapyñy kürteli gelnejem açsyn,
Saçagyñ bol bolsun, süýji-nogula,
Gyz doganlañ guwansynlar bagtyña,
Ejeñ gözi düşsin agtyk ogula.
Işleriñ ileri, sag bolup janyñ,
Güller açsyn umytlaryñ wysaly.
Diñe düýnde galsyn, ertä geçmesin,
Başyñ gaşap çözüp bilmez mysalyñ!
Arzuwdan berçigip diýmänkäñ "beset"
Gel bu gün biz bile edeli söhbet.
● Magistral.
Gel bu gün biz bile edeli söhbet,
Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn.
Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin,
Hatlarmyzy bir-birege okadyp.
Telefonyñ ekrany nä arada,
Dostlugmyz ýürekde gaýnasa ýetik.
Gör biz gowy ýürekdeşler ahyry,
Köpler dostlugada bilenok ýetip.
Toý etseñ toýuñda saz çalyp berjek,
Gamly habaryñdan Hudaý Saklasyn.
Men mundan müdümi razy giderin,
Seniñ mährem dostluk hakyñ haklasam.
Ýylgyryp durmyşyñ oýnundan aşyp,
Iñ mähriban dostum owadan ýaşa!
Laçyn ÖWEZOWA
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.