Çaksyz çäkli, çäksiz çakgan durmuşym...

Çaksyz çäkli, çäksiz çakgan durmuşym,
Saklan biraz, Nirä barýañ howlugyp?
Säwlik edip, şowsuz çykan her işim,
Umyt bilen ýorup ýörün gowluga.

Señ ugruña bolup, ümezlän başym
Ulaldym men ýaşlygymy unudyp.
Saraldym güýz bolup, agardy saçym,
Saklan biraz, dem alaýyn uludan.

Nepesim ýetjek däl, seniñ bolşuña,
Aglaýyn men aglamaly ýerinde,
Gülenimde güleýin öz hoşuma,
Gaýgy-gussam egiseýin derdimden.

Tagapyl et, senem dynç ber özüñe,
Synlap dünýäñ peýzaźyny endigan
Lezzetin alaýyn sylyp ýüzüme,
Ýogsa, Arzuw ýüregimde endirär.
Beýhuş bolup,
Sop başyma galgadan,
Ýük bolan gaýgylarym kowaýyn,
Sen howlukma, gaýtalanmaz ýañadan,
Ýygnan mysgal şatlygymy sowaýyn.

Indi ýakynlaşdy barjak menzilim,
Gözýetimde, ümür gaplan görnüşe,
Howlukmaly, goý meñzese meñzesin.
Çaksyz çäkli, çäksiz çakgan durmuşym!

Remezan Mämetgurbanow
3 лайков 75 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.