Dünýä juda mätäç merde

Dünýe juda mätäç merde,
Derman bolup ýara derde.
Alkyş, sogap ýatmaz ýerde,
Kasas galmaz kyýamata.

Guly bolma men-menligiň,
Ýokdur diýme, bardyr kemiň.
Dag ýarýanam bolsa demiň
Mätäçsiň sen hemaýata.

Gadryn bilgin ataň barka,
Gizlemegin hataň barka.
Sakla ony sarpaň barka,
Gulak salma mahabata.

Aç gözüň, saýgararsyň,
Ejizleme, eýgerersiň.
Ýük çekmegi öwrenersiň —
Gyýa bakma garamata.

Her obada duşar telpek,
Her ilde-de bar bir tentek.
Halk diýmegem bolmaz entek
Bir oýnatgy jemagata.

Ýene-de bir diýjek zadym,
Hak sylasyn öz zürýadyn.
Sena edin Allaň adyn,
Dil ýetirme keramata.

Rowaçlansyn haýyr-yhsan,
Eý, gudraty güýçli Subhan!
Bu dünýäde haýwan, yhsan
Göz dikip dur sahawata.

Agyr ýükler çekdi gerden,
Haka sygnyp gezdim her dem.
Eý takdyrym, gora şerden,
Duçar etme peläkete.

Azmasaň, aýp däldir meslik,
Bar beýiklik, bardyr peslik.
Geňlemeýän binamyslyk
Meňzeýär bir alamata.

Müzzerilme, çytma gaşy,
Düşse bir gün ömrüň gyşy.
Amanatdyr hemmäň başy —
Heý, şek barmy Adalata!



Berdinazar Hudaýnazarow
7 лайков 221 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
Автор 19 мар 2023, 03:14
Halk diýmegem bolmaz entek
Bir oýnatgy jemagata.

- käbir ýerlere baramda, käbir adamlary göremde, telewizory açamda, gazet-žurnal okamda we ýene-ýenelerde goşgyň şu bendi dilime gelýä awtomatiçeski
Ahmet
19 мар 2023, 09:16
Sena edin Allaň adyn,
Dil ýetirme keramata.

Keramat bilen gudrat tapawutlanýar däm-aý?
Ahmet
19 мар 2023, 09:23
Гость
Halk diýmegem bolmaz entek
Bir oýnatgy jemagata.

- käbir ýerlere baramda, käbir adamlary göremde, telewizory açamda, gazet-žurnal okamda we ýene-ýenelerde goşgyň şu bendi dilime gelýä awtomatiçeski

Edil şu ýerjigini gaty dogry aýdypdyr... Meňem gözüňüme gelýär käber ýerleri görenimde...
Гость
Автор 19 мар 2023, 10:50
Vekil_City,
Ikisi sinonim söz dälmi olaň?
Ahmet
19 мар 2023, 11:02
Гость
Vekil_City,
Ikisi sinonim söz dälmi olaň?

Ýok. Gysgaça jogap:
Gudraty güýçli Beýik Biribar.
Keramatly pirler. (Pirler ynsanyýetde bar.)
Gudrat diňe Allatagala bilen bagly wakalara mahsus, keramat bolsa ynsanyýete mahsus. Onsaň tapawudy barmyka diýýän men-ä.
Ahmet
19 мар 2023, 11:10
Гость,
Ýok. Bir däl. Jogabyny ýazdym welin gidenoga.
Гость
Автор 19 мар 2023, 11:33
Vekil_City,
"Biribaryň keramaty bilen..." diýip başlanýan sözlemleri okap, eşidip görenim ýadymda
picasso
19 мар 2023, 12:13
keramat
[kera:mat], at. 1. Mukaddes güýç, gudrat, halat. Men indi siziň keramatyňyzyň zorlugyny iki gözüm bilen gördüm (N. Saryhanow). 2. Hyýaly güýç, bir zadyň alamaty.
picasso
19 мар 2023, 12:13
gudrat
[gudurot], at. 1. Tebigatda adatdan daşary güýjüň täsiri netijesinde ýüze çykýan hadysa, alamat, keramat. 2. göç.m. Geň galdyryjy güýç. Seň suwuňda şirin jana, Lezzet berýän gudrat bardyr (M. Seýidow). 3. Oglana dakylýan at.
Gudraty güýçli Allatagala.
.
19 мар 2023, 15:15
Deñirägeme eken ýalyla
Abdylla36
19 мар 2023, 16:57
Гость
Halk diýmegem bolmaz entek
Bir oýnatgy jemagata.

- käbir ýerlere baramda, käbir adamlary göremde, telewizory açamda, gazet-žurnal okamda we ýene-ýenelerde goşgyň şu bendi dilime gelýä awtomatiçeski

Dogry aýdaň