Bu günleň yssysynda

Agaçlar solup galdy
Bu günleň yssysynda.
Sergin şemal ýat boldy
Bu günleň yssysynda.

Gün ýakyna gelen dek,
Çynam misli ýalan dek,
Guşlar uklap galan dek
Bu günleň yssysynda.

Gündüziň howry ýeter,
Gije ondanam beter,
Ukysyz daňlar atar
Bu günleň yssysynda.

Epgek tolkun atyp dur,
Ekinleri ýakyp dur,
Daýhan nalaç bakyp dur,
Bu günleň yssysynda.

Demir ýakýar elimiz,
Suw bişirýär golumyz,
... Dowam edýäs ýolumyz,
Şu günleň yssysynda.

Ş. A. ýa~da G. Ý.
3 лайков 171 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yusupahmet12
Автор 23 июл 2022, 19:42
,, Epgek tolkuny"-giñ giden atyzlaryñ ustunde yeriñ gyzgynyndan emele gelyan, topragyñ yuzunde oynap duryan howur tolkuny.
Nazar
23 июл 2022, 20:45
Salgym bolyamy shol ?
Nazar
23 июл 2022, 20:46
Ş.A. Şadyýan Ahmet
G.Ý. bolanda gamgyn Ýusup bolýamy?
(Degişýändirin :))
yusupahmet12
Автор 23 июл 2022, 20:57
Ÿok, salgym başga, epgek başga. Ÿone, belli bir derejede biri birine dahyllylygy bar.
#B.S
23 июл 2022, 21:16
Rigel
aslynda yssy howada Gün Ýerden uzakda ýerleşýär. gyşda bolsa ýer Güne golaýlaslayar. ýalnysmasam gysda 147mln km gun bilen yerin arasy tomsuna bolsa 152mln km

Bu diýýänleriň günorta ýarymtogalakda geçerli däl. Togalak ýere görä aýdýandyryn.
#B.S
23 июл 2022, 21:18
Salgym bu ýer togalak diýýänleriņ tekiz ýeri çökertjek bolup tapýan bahanalarynyň biri bolup... ;))
My life
23 июл 2022, 22:34
Yssylaram sagaman gecip gitse)))
Nazar
23 июл 2022, 23:58
Rigel senin bn ginisleyin tansyp bolmazmy?