GÜLLERIŇ AÝDYMY
• Düýş
Gije uklapdyryn. Düýş gördüm. Joram bilen durun. Sen biziň ýanymyza gelip maňa: “Indi şu köýnegiňi geýme” diýdiň. Meniň gaharym geldi. “Geýäýsem nädäýerkäň?” diýdim. “Saňa söz aýdaryn” diýdiň. “Wiý, indi men näme etsemkäm?”
Düýş. Sen düýşde-de juda akylly.
• Gowy görýän gözleriň
Seniň gözleriň ýakyndanam, uzakdanam meniň gözlerime garaýar. Meniň saçymy daran şemal seniňem saçyňam daraýar, ýörän ýeriň gül bolýar, diýen sözüň bal bolýar. Sesiňi eşidenimde tolgunamok, ynjalýan. Didaryňa gözlerim kaklyşanda galdyramok, rahatlanýaryn. Ertir gözleriňe bir gezejik garamak üçin ukusyzlyga kaýyl men. Sen nirä howlugýarsyň, men seniň yzyňdan gelýärin.
Sen hiç ýere gitme! Gün beýge galsa, Ýer sowar, aşak düşse, ýanar. Sen maňa hiç gyza seretmejegiňi söz berdiň. Sen hemme kişä-de seret! Ýöne meniňki bol! Men bagtly, seni huşumda görmesemem, düýşümde görýärin. Men asman basgançaklary bilen seniň ýanyňa bararyn. Sen meniň ellerimi eliňe al. Meniň söýgim näçe güýçli hem bolsa, seni ýakmaz. Seniň iň gowy görýän gözleriň ýakyndanam, uzakdanam meni gowy görsün!
Men saňa köp zatlary aýdasym gelýär. Belki, sen öz gowy görýän gözleriň bilen ony gözlerimden görersiň...
✏️Suraý BABANYÝAZOWA
“Nesil” gazeti, 2012ý.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.