Diňe saňa garaşýan.
Çagalyk! Gör, sen nähili ajaýyp döwür! Ömürleriň gaýgysyz-gamsyz, aladasyz gözel ýyllary. Suwdan tämiz göwünleriň çaglanýan ýyllary. Eliňe bir bölek gury çörek alyp, deň-duş dost-ýarlaryň bilen sykylyk atyp, daýyrdaşyp obaň bir o çetinden bir-de bu çetinden ylgap ýörensiň. Günorta arakesme wagty uzynly gün aryp gelen eje-kakalar bolsa, bir salym ýatyp dynç alanlaryny kem görenoklar. Ýöne çagalaryň oýna gyzyp edýän gyk-baklaryna olar käte ýatyp bilmän, daşky gapydan boýunlaryny uzadyp, çagalara käýeýän wagtlary hem az bolmaýardy. Ine, çagalygy Garabekewül etrabynyň Seýdi obasynda geçen pälwan ýigit Salyhyň hem ýetginjeklik durmuşy şunuň kibi gyzykly hem şadyýan geçipdi. Onuň kakasy Nuretdin obanyň öňüne pälwan geçirmeýän güýçli pälwanydy. Diňe bir şol obada däl, eýsem, bütin welaýatyň toýdur-baýramlarynda guralýan göreşlerinde entäk onuň ýanyny ýere degren pälwan tapylmandy.
Ol ýyllar Salyh hem çaga bolsa-da, toýlarda özi ýaly deň-duşlary bilen biline guşak dakynan bolup, çägäniň üstünde göreş ederdi. Şonda oňa bileje oýnaýan goňşy gyzjagazy Gülperi gyrada märekäniň içinde durup, Salyha gyjalat bererdi: «Salyh, eger ýykylaýsaň, gaýdyp seniň bilen bile oýnaman» diýerdi. Salyh hem Gülperiniň diýenlerine güpbe ynanardy. Bar güýjüni jemläp, goňşy gyzjagazynyň öňünde özüni has hem güýçli görkezjek bolup çytraşardy. Toýuň beýemçileri atly pälwanyň ogly bolansoň, ol garşydaşyny ýykaýsa, elini ýokary galdyryp, märekäniň öňünde uly sesi bilen gygyryp, Salyhy mahabatlandyryp baýrak gowşurardyar. Çagalykda şeýle şüweleňli, şowhunly pursatlaryň ýeňijisi bolansoň, Salyh şol ruhda önüp-ösüp ulaldy. Onda diňe «Hiç kimden ýeňilmeli däl» diýen maksat ýaş kalbyny eýeläpdi. Şol toýdan soň Salyh kakasynyň yzyna düşüp, ähli toýlara gatnaşdy hem-de göreş tutdy. Ol eýýäm orta mekdebi gutarmanka «Nuretdiniň ogly hem özi ýaly pälwan bolup ýetişdi» diýen ady aldy. Çagalykda tutan maksady hem Salyhy ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň gapysyndan ätletdi. Ol bu gapa ýeke gelmedi. Özüniň çagalykda bile oýnan goňşy gyzy Gülperini hem alyp geldi. Goňşular döwlet synaglaryndan üstünlikli geçdiler. Indi çagalyk ýyllary sowlup, talyplyk ýyllary başlandy.
Täsin täzeliklerden, süýji aladalardan, şatlykly-şowhunly talyplyk ýyllary özboluşlylygy bilen geçip durdy. Bu gowulyklaryň içinde elbetde, pälwan ýigit Salyh bilen Gülperide bardy. Salyh her gün diýen ýaly okuwdan boş wagtlary paýtagtyň sport toplumlarynyň birinde göreşini dowam etdirýärdi. Ýygy-ýygydan geçirilýän döwlet möçberindäki ýaryşlara, halkara ýaryşlaryna gitmeli, gatnaşmaly bolýardy. Oňa bu ýerde hem edil kakasy ýaly ussat halypa tälimçi Omar Gulyýew tälimçilik edýärdi. Tälimçiniň Salyhyň pälwançylyk kesbinden göwni hoşdy. Oňa uly yanam bildirýärdi. Salyh hem halypasynyň ynamyny ödejek bolup jan edýärdi. Ýaş ýigit arasynda wagt tapyp, Gülperiden hem habar alýardy. Elbetde, ösen döwrüň ýaşlary üçin uzak bir ýere hat ýazmak ýa uzak aralyga gidip gelmeli däldi. Tehnika görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Her kimiň diňe öýünde däl, hatda ellerinde-de telefon bardy. In-dä, tüweleme, çagalarda-da bar. Bu gün Salyh türgenleşkden irräk boşap, Gülperä jaň etdi.
— Alo, Gülperi! Sag-gurgun okap ýörmüň? Jaň etmesem, jaň zadam edeýin diýeňok. Obadaşyňy ýadyňdan çykardyňmy?
— Salam! Bu oglanyň diýýän zadyny. Bir umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýas, günde-günaşa görüşip durus. Bir ýokary okuw mekdebinde okaýarys, onsoň jaň näme gerek.
— Aý, şonda-da kä wagtlar ýüregim gysyp, seniň bilen gürleşesim gelýär. Mollanepes teatrynda gowy spektakl boljakmyş. Şu gün men seni şoňa çagyrýan. Siz garşy bolmarsyňyz-a! Ýakyn günlerde bolsa dünýä çempionaty başlanýar. Onsoň biziň aladamyz özümize ýetik bolar.
— Obadaşlygymyzyň, çagalyk dostlugymyzyň hatyrasyna «bolýa» diýäýmeli borda.
— Ertir saňa teatryň ýanynda garaşýan.
Ertesi güni ýaşlar bellenilen wagtynda teatryň agzynda duşuşdylar. Bileje gyzykly spektakla tomaşa etdiler. Oýun gutarandan soň, ýaş juwanlar dürli reňkdäki öwşün atýan çyralaryň astynda, ajaýyp seýilgähde gezelenç etdiler. Owadan bägüllerden jäheklenen, tämiz howany böwsüp al-asmandan atylyp gaýdýan çüwdürimiň düwmeleriniň şybyrdy sesi bilen ýaşlaryň edýän ýuwaşja gürrüňleri söýginiň sazyny çalýardy. Bu görnüşden lezzet alýan ýaşlaryň kalbynda şu çak diňe birek-birege bolan arassa duýguly garaýyşlar ýüreklere siňýärdi. Salyh nämedir bir zatlary Gülperä gürrüň berýärdi. Gyz käwagt başyny atyp, käte bolsa gözüniň gytagy bilen ýigide garap, onuň gürrüňlerini makullaýardy. Salyh mekdep ýyllaryndan bäri gursagynda göterip, kalbynda besleýän, ýüreginiň töründe apalap saklaýan bir agyz sözüni gyza duýduryp bilmän, ejir çekýärdi. Ýöne şu gün onuň üçin iň bir amatly gündi, amatly pursatdy. Ol birden bar güýjüni jemläp:
— Gülperi! Men saňa köp wagtdan bäri ýüregimiň bir syryny paş edip bilemok. Men. Men...
— Wiý bu oglany! Ikimiz çagalykdan bäri biri-birimizi tanaýarys ahbetin. Näme aýtjak bolsaň aýdyber, çekinme.
Gülperi Salyhyň aljyrap, boz-ýaz bolup duranyna gözi düşeninden, onuň näme diýjek bolýandygyna düşündi. Onuň özi hem her gezek Salyha duşanda, onuň syrly garaýyşlarynda düşnüksiz bur duýgynyň bardygyny aňýardy. Kä halatlarda Salyh gözüni güldürip, köpüräk seretse aljyraýardy. Ine, häzir hem gyzyň dünýäsine şeýle aljyraňňylyk aralaşdy.
— Gülperi! Ýadyňdamy? Obada bir toýda çaga wagtym Çerkez bilen göreş tutanym. Şonda sen märekäniň içinden adymy tutup aýdan sözleriň. Şol sözleriňi, şol garaýyşlaryňy men henizem unudyp bilemok. Seniň maňa güýç berýän sözleriň, owadan bakyşlaryň ededilik dünýämde orun tutmagyny isleýän.
Gyz öňküdenem has beter aljyrady. Ol ýigidiň golaýyna gelip, ak bileklerinden tutandan soň özüne gelip, tisginip gitdi. Salym geçmän elini çekip aldy. Ýüzüni aşak salyp sallanjyrap ýöräp ugrady. Salyh hem onuň yzyndan ýuwaşjadan ýöräp başlady. Ýigit gyzyň deňine gelip, onuň öňüne geçdi. Gyz sakga aýak çekdi. Ýöne onuň şo-ol ýüzüni aşak salyp durşudy.
— Gülperi! Men häzir seniň jogabyňa garaşamok. Wagt geler men özümiň garaşýan jogabymy alaryn. Ýakyn günlerde guşakly göreşden türkmen topragymyzda dünýä çempionaty geçirilýär. Şol gün ýene-de märekäniň içinde seni görmek isleýän. Eger sen gelmeseň, meniň üçin ýeňiş tugy galmaz. Sen maňa güýç-kuwwat berýäň. Görýäňmi! Sen nähili uly zatlary başaryp bilýän ekeniň. Sen meniň üçin uly bir dünýä. Şol gün saňa garaşýan!
Gyz çalaja başyny atdy. Juwanlar ýagşy-umyt arzuwlar, täsin duýgular bilen häzirlikçe hoşlaşdylar.
Bu gün bolsa uly ýaryş. Güneşli Türkmenistan döwletimizde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Dünýäniň ençeme döwletlerinden gelen ýaş oglandyr gyz pälwanlar yzly-yzyna göreş meýdanyna çagyrylyp başlandy.
Elbetde, tejribeli türgenler ýeňiş üstüne ýeňiş gazanýardylar. Bu ýaryşda Salyh hem çykyş etmelidi, ol ýygy-ýygydan märekäniň içinden kimdir birini gözleýärdi. Onuň nazary elbetde, Gülperini gözlerýärdi. Eýýäm ony eminler birinji tutluşyga çagyrdylar. Salyhyň birinji tutluşygy garşydaşynyň güýjünden rüstem geldi. Ilkinji ýeňiş, ol ýene-de märekä tarap garanjaklady. Ýöne onuň gözüne gözleýän näzenini ilmedi. Ikinji tutluşyk hem pälwan ýigidiň hasabyna ýeňiş bilen tamamlandy. Ýene-de emin agzalary onuň ýeňşini yglan etdiler. Ine-de, ol üçünji tutluşyga çagyryldy. Bu gezekki garşydaşy öňem dünýäniň iki gezek çempionydy. Salyh birden aljyrady, ruhdan düşdi. Ol öz ýanyndan göreş zalyny, hem-de ýaryşy taşlap çykyp gidesi geldi. Guşagyny düzedip güýmenjiredi, emin agzalary oňa ikinji gezek tutluşyga başlamaga duýduryş berdiler. Ol iň soňky gezek başyny galdyryp, töweregine garanjaklady. «Ýene-de ýok, gelmändir», haýal ýöräp, garşydaşy bilen elleşdi. Salyhyň soňky aýgytlaýjy tutluşygy başlandy. Ol şu gezek ýeňiläýse birinji ýere düşüp biljek däldi. Ol bu ýaryşa uzak garaşypdy. Bir tarapda dynuwsyz edilen türgenleşikler, halypalaryň, mugallymlaryň bildiren ynamy ýatsa, beýleki tarapdan Gülperiniň şu pursatda gelmän durmagy, hiç zadyň pikirini etmän, diňe garşydaşyňy nähili tilsim, usul ulanyp ýykmak hakynda pikirlenmeli pursatda onuň serinde Gülperiniň keşbi aýlanýardy. Hakykatdanam, garşydaş pälwan Salyhy aldym-berdime salyp ugrady. Ol haýsy usuly ulansa, garşydaşy onuň tersine hereket edýärdi. Pälwanlar tutluşyp ýadadylar, birek-birege ýan berenokdylar. Salyhyň nazary duýdansyz öň hatarda oturan gyza düşdi. Onuň elinde ak kagyza ýazylan ýazgy bardy. Ýazgyda «Ýeňilmezek Salyh» diýlip ýazylypdyr. Salyhyň Gülperiniň gülüp duran mawy gözlerine gözi düşende, begenjinden ýylgyranyny duýman galdy. Oňa gyzyň balkyldap duran owadan gözlerindäki jadyly garaýyş ruhy güýç berdi. Bu güýç söýginiň güýjüdi. Salyh şol demde garşydaş pälwanyny ýanbaş alyp, ýagyrnysyny ýere degirdi. Ildeşlerimiziň el çarpyşmasyndan zal sarsan ýaly boldy. Her kim onuň adyny tutup gygyrýardy, ýöne märekäniň içindäki şol owadan mawy gözleriň owalasyndan akýan buýsanç gözýaşlaryň al ýaňakdan syrygýan pursaty ýaş pälwanyň müdimilik hakydasynda galsa gerek.
Hormat münberiniň birinji gatynda duran Salyh Nuretdinowyň hormatyna ýurdumyzyň ýaşyl Tugy galdyryldy, sena ýaňlandy. Dabaradan soň ýaş juwanlar aşyklary şol owadan seýilgähe alyp geldi. Olaryň şadyýan gülki sesleri goşa ýüregiň söýgi mukamynyň buşlukçysy bolup Äleme ýaýylýan ýalydy.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.