YYKYLAN GORESHDEN DOYMAZ
Gazak pälwan ýykylyp, obalaryna baransoñ, ol ýerde - gazak gyrlarynda uly gürrüñçilik bolýar. ,,Her edip, hesip edip, Balkanly pälwandan aryñy almaly".
Ýöne nädip?
Bil tutushaýyn diýseñ-ä, güýç deñ däl, bashga bir emel oýlamaly. Oturylýar, oýlanylýar, ahyry sheýle netijä gelinýär. Ony gyz mashgala bilen salmaly. Gyzyñ ysyny alsa, ýigidiñ endamy gowshar. Ýöne Gandaly pälwany shu ýere - gazak gyrlaryna çagyrmaly.
Gazak ilinde pälwan gyz gytmy näme?! Olar sheýle gyzlaryñ birine oglan eshigini geýdirip, Gandaly pälwana sargyt edýärler.
__ Seniñ bilen göreshjek adam tapyldy. Bashga-da nökeriñ bar bolsa, yzyña tirkäp gaýdyber.
Bu habary eshidip, Gandaly pälwanyñ täk özi niredesiñ gazak gyrlary diýip gaýdyberýär. Ýolda ol bir pukara öýe myhman düshýär. Myhman düshen ýeri halal adam eken. Ol Gandaly pälwanyñ boýuna-syratyna guwanyp, sheýle diýýär.
__ Pälwan seni emele saljak bolýalar...
Ol bar zady bolshy-bolshy ýaly aýdýar. Gyz bilen göresh tutsa, ýüreginiñ üýtgejeginem duýdurýar. Onuñ iñkise gidenini duýan öý eýesi sheýle diýýär.
__ Gamlanmañ, pälwan, onuñ bir çäresi tapylar. Ýöne sen bil tutushanyñdan soñ, gaçarak durgun. Hiç dikleshmegin, gyz alkymynyñ ysy erbet zatdyr. Men-men diýen ärlerem, shol bozgunç ysyñ öñünde durup bilen däldir.
Ol sheý diýip, gapyda duran owlaklaryñ birini soýýar-da, onuñ derisini Gandaly pälwanyñ döshüne dañýar.
Ertesi toý bashlanýar. Jarçynyñ sesi obanyñ üstünde aýlanýar.
__ Bu gezekki göreshiñ sherti üýtgeshikdir. Kimde-kim ýykylsa, öwrülip bil tutmaly däldir!..
Bu söz Gandaly pälwanyñ hasam sussuny basýar.
Pälwanlar billeshenden, gyz pälwan dikleshmek üçin, öñe omzaýar. Gandaly pälwan näçe dash durdugyça, ol shonçada öñe dyzaýar. Özem ol alarladyp barýarmyshyn. Muña märeke hasam gylaw alyp, Gandaly pälwany ýekesiredýärler.
__ Sal badagy.
__ Sypdyrma.
__ Içinden çilshir.
Ýat oba, ýat il Gandaly pälwanyñ sussy basylýar. Edil shol wagt hossar çykýan ýaly münüp gelen ýabysy hokranyp, çalaja kishñeýär.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.