GANDALY PALWAN HEM GYZ

Gandaly pälwan Gökdepe urshundan aman sypanam bolsa, ol obasyna ýaraly barýar. Ok butdan giren. Ol deri bilen hamyñ arasynda bildirip durmyshyn. Kesip aýrylmansoñ ýara barha beterläp barýarmysh. Ýöne kesip aýyrmak añsat düshmeýär. Obanyñ tebibi tendäki oky çykarmak üçin ýeke-täk, ýöne ýowuz emi salgy berýär.
__ Hiç zada duýgusy üýtgemedik gyz, ýaralynyñ üstünden ätlese ok üç günüñ içinde çykar.

$ol döwürler gum içinde perigatanç diýilýän owadan bir gyz bar eken. Ol owadan bolshy ýaly akyllam eken. Oña: ,,Gara ýer ýaly" diýer ekenler. Onsoñ adamlar oýlanýarlar-da, shol gyzy makul bilip, aýybam bolsa oña çakylyk edýärler.

Gyz mähetdel etmän gelýär. Ol gelshine: ,,Bissimilla" diýip, ýaralynyñ üstünden ätleýär. Indi-hä tebibiñ aýtmagyna görä, gyzyñ hiç zada duýgusy üýtgemedik bolsa, ok üç günde çykmaly.

Bir gün geçýär, ok gozganmaýar. Ikinji günem shonuñ ýaly bolýar. Üçülenji gün gelip ýetýär. Oba adamlary uly tolgunma bilen okuñ çykaryna garashýarlar. Ýöne ok çykmaýar. Adamlaryñ perigatançly gyza bolan garaýshy üýtgeýär.
__ Biz oña ynanypdyk.
__ Ýash gyz-da...
__ Ýa ol kelle ýeñillik edäýdimikä.
__ Belki, tebip ýalñyshandyr.
Gyz özüni müýnli ýaly duýýar.

Adamlar sheýlelik bilen ýene bir gününi geçirýärler. Ok çykýar. Ýöne bir gün gijigip, dördünji gün çykýar. Gyz özüni günäkär saýyp, sheýle diýýär.
__ Eger meniñ günäm bar bolsa, belki, sholdur. Bu azajyk öñräkdi, ak telpekli, gyrmyzy donly nazarkerde ýigit, obamyzyñ ortarasyndan atyny gorduryp geçip gitdi. Men shonda onuñ atyñ üstünde guýlan kenek ýaly bolup oturshyna höwes edip, tärimiñ añyrsyndan bukulyp jykladym. Okuñ bir gün gijigip çykmagy, megerem, shonuñ üçindir...

Gürrüñ shu ýere ýetende, Gandaly pälwan ýatan ýerinden yñranjyraýar.
__ $ol ak telpekli, gyrmyzy donly ýigit mendim...

Adamlar ýeñillik bilen dem alýar. Aýdyshlaryndan shol gyz soñ Gandaly pälwanyñ nesibesinden çykypdyr diýýärler.




Öwezmyrat Ýerbendi.
8 лайков 123 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.