NESYE GOWURDAK

Gandaly pälwan obalaryndan birneme dashrak bolan gaýraky obalaryñ birine paý-pyýada toýa gidýär. $ol gezek ol birneme ýadap, öte-de ajygýar. Aç garna ýol ýöräp, barybam göresh tutmak bu oýun ish däl. Ol sheýle pikir bilen surnugyp gidip barýarka öñünden erkegine ýüküni mas ýükläp gelýän söwdagäre gabat gelýär. Halys sütüni süýnüp ajygan Gandaly pälwan ýagdaýy bolshy-bolshy ýaly oña aýdýar. Ýöne söwdagär gysganjyrak adam eken. Ol erkegini çökerip, Gandaly pälwana çaý gaýnadyp berse-de, ne çörek hödür edýär, ne-de bashga iýer ýaly zat. Ýogsam onuñ iýip-içgiden ýüki ýetik eken.

Gandaly pälwan söwdagäriñ garnyny doýurmajagyna gözi ýetensoñ sheýle diýýär.
__ Sen maña çaý-çorba ediner ýaly, bir käse gowurdagyñy gysganma. Men sag-aman toýdan yzyma öwrülsem shol nesýe alan gowurdagymy artygy bilen üzlüsherin.

$ol sözden soñ, ömür hasaply ýashaýan söwdagär, oña pishigiñ kellesi ýaly gowurdagy berýär. Birneme añyrsyna il gonan Gandaly pälwan toýa baryp pälwançylyk edýär. Toý eýesi ony sylap, ýykyp alan baýraklaryndan bashga ýene bir öweji berýär. Gandaly pälwan berlen öweji alman, ýoldaky bolan ýagdaýy toý eýesine birin-birin aýdyp berýär. Soñam oña sheýle diýýär.
__ Sen shol söwdagäri tanaýan bolsañ, Gandaly pälwanyñ nesýe alan bir käse gowurdagyna derek diýip beräý.




Öwezmyrat Ýerbendi.
9 лайков 125 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.