Barlyk surata alanda

BARLYK SURATA ALANDA
Kiçijek gyzjagazyň her gün mekdebe ýeke özi gidýärdi. Günleriň birinde, säheriň arassa asmanyny lemmer-lemmer gara bulutlar örtdi. Gök gümmürdäp, ýyldyrym çakmaga başlady. Ejesi gyzjagazynyň apy-tupandan gorkmagyndan heder edip, ulagyna mündi-de, mekdebe tarap ugrady. Entek mekdebe ýetmänkä, gyzynyň ýanýoda bilen töweregine garanjaklap gelýänini gördi. Gyzjagaz her gezek ýyldyrym çakanda, säginip, asmana seredip ýylgyrýardy. Ejesi gyzynyň deňinde ulagyny saklady-da, oňa ýüzlendi: — Gel, gyzym, mün. Sen nämüçin zol-zol asmana seredýäň-le? Gyzjagaz: — Eje jan, men owadan görünjek bolýan. Ýokardan meni surata alýarlar — diýip jogap berdi. Ak ýürekden çykýan sada sözler. Ýöne, gör, nähili ymgyr manyly sözler… Eger-de şu «owadan» sözüni «mynasyp» sözi bilen çalyşsak, has-da aýratyn mana eýe bolýan ýaly. Şeýle dälmi eýsem?! Şeýledir. Bu iň bolmanda ýyldyrymyň ýok wagty, aýratynam, gündelik bolýan gök gümmürdilerinde-de, yz ýanyndan apy-tupanyň sowlup, Günüň ýalbyrap çykýan wagtynda-da: — Ýokardan bizi surata alýarlar diýip bilýänler üçin şeýledir.

Cesme br.com.tm
2 лайков 127 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.