Sadalar

SADALAr
Dünýä üýtgeşik. Şonuň üçin adamlaram şeýle, üýtgeşik. Megerem, bir ýerlerde şol üýtgeşik adamlar şu sözleri okaýandyr. Ýöne olaryň käbirleri özleriniň üýtgeşikdigini bilýänem däldirler. Bir ussat ýazyjy aýtmyşlaýyn «Adam pahyr özüne meňzeşden bizar-da. Oňa üýtgeşikjesi gerek. Üýtgeşiklerem senden bizar» diýip, nagt jogaby beräýmelidirem welin… Ýöne ynsanyň durmuşynda bolan we geljekde bolaýmaly wakalar onuň ykbalyna öz täsirini ýetirmän geçmeýär. Ýatlamalar bolsa stoluň tahyly ýaly bir zat, olar sepleşip-sepleşip, üsti-üstüne ynsan ömrüniň hörpüni baýlaşdyrýar gidiberýär, gidiberýär… Ýatlamalar — çarhypelegiň bir aýrylmaz bölegi. Ynsan olary ondan-oňa göçüp-gonup ýören hyýal umma-nyndaky bir geçegçi guş kimin saýhallaýar. Has gowularyny begenç bilen ýatlaýar, a käbirlerini bolsa ýatlamazlyga çytraşýar. Dogrusam-da! Ýatlamasaň gowy. Belki, olar ýada düşüberse, eýesine güzap berer. Onsoň, niçikmi sen olary ýat-dan çykarjak bolup dert-azar bolarsyň. Emma ki ýatdan çykaýmaz. Hamala, stoluň aşakdaky tahylynyň hälki bir çüňkünde duran mysaly. Elbetde, olary gorjanyňdan gorjamadygyň ýeg… …Edil düýnjik-dä. Kitaphana girdi. Kitap saýlady. Okalga eýwanynda özüne amatly ýer gözledi. Tapdy. Ýerleşdi, otur-gyçlaryň birine. Ýanyndaky şu gün çykan gazeti bir gyra süýşürdi-de, kitaby açdy. Sözbaşyny okanam şoldy welin, garşy-syndaky oturgyja bir ýigit gelip ýerleşdi. Ýigidiň gözleri gazetlerde eglendi. Soňra gyza söz gatdy: — Salam. Täze gazetmi? — Salam. Hawa… — Mümkinmi, okamaga alsam?! Şu günki neşirleri almaga elim degmedi welin… Ýigit gazeti alyp, okamaga başlady. Ol ýylgyrdy. Gyzyň ünsüni çekmek isledi. — Şu gazetiň «Ýaşlykdan galan ýatlamalar» sahypasyny gaty gowy görýän. Bu sanynda-da goşgular çykypdyr. Esasanam, şu uzyn familiýaly gyzyň goşgularyny halaýan. — Uzyn familiýaly? — Hawa. On bäş harp! Soňra biraz säginip, ýene gyza seretdi-de: — Ady hem gysga bu gyzyň, üstesine-de dymyk çekimsiz bilen tamamlanýar – diýdi. — O nähili? Belki, ol maşgalaly zenandyr. Siz näbilýäňiz… — Belki, belki… Ýöne ýazýan goşgulary-ha başga zat diýýär. — … Gyz dymdy. Dymsa-da onuň içi gürläp durdy: «Uzyn familiýa diýdi, dymyk çekimsiz diýdi, bir zatlar tapdy. Saglygy gowumyka diýdirýär bi.» Höwes bilen okaryn diýen niýetde saýlap alan kitabynyň bolsa henizem birinji sahypasy açyk durdy.
***
…Ol düýnki wakany ýatlap oturyşyna, hatda ejesiniň ýanyna gelendigini hem duýmady. Ejesi oňa: — Heýt, gyz, näme bir nokada seredip otyrsyň?! – diýip, howsalaly röwüşde gyzynyň ýüzüne seretdi. — Ýa bir ýeriň agyryp-ynjaýamy? — Ýok-la eje. Pikirlerime gümra bolup… — Boldy, dynjyňy al indi. Ertir işe gitmelisiň gyzym. Söndür stol çyraňam. Gözüň köküni gyryp, nä janyň azary… — Bor, eje. «Bor» diýse-de diýdi welin, emma hyýaly ýene düýnki waka sary ötägitdi. Gülli düşegine geçip, başyny per ýassyga goýdy. Gelmezek uky bolsa, gelmezligine tutdy. Düýnki wakany ilik-düwme ýatlap başlady. Ejesi gelensoň arasy kesilen ýatlama-lar galan ýerinden — filmlerdäki ýaly ýene-de dowam etdi.
***
…Ýigit gazetdäki, özi aýtmyşlaýyn «uzyn familiýaly» şahyr gyzyň goşgularyndan bir bendini labyzly okady: Men kim? Keseden bir synçy, Sözüň, özüň telläp ýören. «Dünýäň bolar-boljaklaryn, ynanmaýan geňläp biler». — Beh, tüweleme – diýibem, başyny ýaýkady. Gyz bolsa sag elini eňegine diräp, ýigidi diňläp otyrdy. Soňra: — Tüweleme siz goşgyny labyzly okaýan ekeniňiz. Hatda şeýle owadan goşgulary ýazan şahyr sizi diňlese, şeýlekin kämil goşgy ýazandygyna, ähtimal, özi-de ynanmasa gerek – diýdi, özem mylaýymlyk bilen. Ýigit öwgüden meçew aldymy nämemi, sahypadaky goşgulary okady bir çetinden. Nobat hekaýa ýetdi. Gyz okamasyny goýan oglana ümläninem duýman galdy: — O hekaýanam okaň-da! Sahypanyň çüňkündäki ýekirilen ynsan ýaly (bu oglan üçin şeýle bolup göründi) kiçiräk hekaýany okamak üçin bir käse çaý içerlik wagtyň özi ýeterlikdi. Meger, ol hem köpdür. Ýigit ardynjyrady-da: — Hekaýanymy, okaýynmy? – diýdi. Soňra öwünmek isledimi nämemi, sesini mazamlamagam ýatdan çykarmady. — Ses-im hekaýa üçinem gyňyr eşidilmeýär. — Hekaýaň ady nämedi?!. — «Arzuwlaryň yzy bilen». Ýazary… — Ýazaryna ýaňy gözüm kaklyşypdy. Öňem birki eserini okapdym. Gyz içinden «Ýöne şol awtory görmeg-ä hemme kişiň arzuwy» diýip pikirlendi. — Dogry… Bolsa-da, familiýasy gysga eken. Bary-ýogy ýedi harp. Bu sözlerden soň gyz hünji dişlerini güjeňleýän mysaly, çalaja ýylgyrdy. Ýigidiň hekaýany sesli okap başlanam şoldy wel-in: — Ýuwaşrak bolsana, dost. Kitaphanada senden başga-da adam bar how – diýen ses ýaňlandy. Ýigit öz ýanyndan mönsüredi. — Bagyşla – diýibem ötünç sorady. Mazmuny çeper ýazylan hekaýany okamak, ýigit üçin lezzetdi. Bir oglanjygyň gögelelikden ýigitlige çenli bolan durmuşy gysbylyk bilen beýan edilipdir. Aram-aram ýigidiň, garşysyndaky gyza hekaýanyň nähili täsir edýändigini bilmek üçinmi, göz gyýtagy bilen seredäýmesi bardy. Boldum edip: — Nähili gördüňiz? – diýdi. — Okamasaň göwni galjak hekaýa ekeni. — Hany, onda men ugradym. Kitap hem okap bolaýdym öýdýän bu gün. Gyz oglanyň bu bolşuna geň galdy: — Hawa, menem şeýle. Öýlän işe barmaly. — Menem göni işe… Ýigit ýerinden turup hoşlaşyk pursady adam gatnaşyklaryndaky ýoň bolan sözleri gaýtalady: — Hoş, sag boluň! — Hoş.
***
…Düýnki bolup geçen bu waka gyzyň uky bilen arasyny barha ýakynlaşdyrdy. Ymyzgandy. Basym uka gitdi.
Olar hoşlaşmalysyn-a hoşlaşypdylar. Emma bir zady ýatdan çykarypdylar. Ýok, ýok ýatdan çykarmadylar-da, has dogrusy sadalyk edipdiler. Kitaphanaň bosagasyndan ätläp, sag tarapa ýönelen gyz: — Uzyn familiýaly şol şahyr gyz men diýmelidim – diýip, pyşyrdan bolsa, çepe ýönelen ýigit «Şol hekaýaň ýazary men diýmelidim» diýip, içini gepletdi. Şeýdip, gyz-a özüniñ synçy saýan dünýäsine, oglanam arzuwlarynyň yzy bilen ötägitdiler. Ýöne şol gün sadalyk olary ýene bir gezek duşurjakdandy…
Begenç ANNAÝEW.
2 лайков 103 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
19 июл 2022, 09:55
Bäh, gowy ekeni?