Kerwensaraý

Günlerde bir gün öz döwründe pähim-parasady bilen tanalýan danalaryň biri soltanyň köşgüne barypdyr. Uly iliň hormatlaýan adamy bolansoň, sakçylar oňa näme üçin geldiň hem diýmän, gapyny açypdyrlar-da, gyra süýşüp duruberipdirler. Dana bolsa, sen-men ýok, göni soltanyň oturýan otagyna giripdir. Soltan gelen myhmany tanap, hormat bilen ýerinden turupdyr. Onuň bilen iki elläp salamlaşypdyr:
– Hoş gelipsiňiz, sapa gelipsiňiz! Bizlik näme ýumşuňyz bolsa, çekinmän aýdyberiň, tagsyr!
Şonda dana oňa şeýle diýipdir:
– Bu kerwensaraýda bir gijelik bolara ýer barmydyr?
Soltan onuň sözüne birneme gatyrganjak bolupdyr:
– Bu ýer kerwensaraý däl. Meniň köşgüm ahyry.
– Ýer bolýar-da, onda meniň saňa bir sowalym bar: senden öň bu köşkde kim ýaşaýardy?
– Kakam. Onuň aradan çykanyna esli wagt boldy.
– Kakaňdan öň kim ýaşaýardy?
– Atam pahyr.
– Diýmek, bu ýerde adamlar wagtlaýyn bolup, soň ötägidýärler eken-dä. Onsoň, men näme üçin oňa kerwensaraý diýmäýin?
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.