«Marlboro» şereketiniň şöhratlanmagy
«Marlboro» çilimini bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Diňe brendiniň bahasy milliardça dollar bolan bu şereketiň biziň günlerimize çenli gelip ýetişiniň hekaýaty diýseň gyzykly.
Bir mahallar «Marlboro» şereketiniň temmäki zawody batmak derejesine ýetipdir. Günlerde bir gün zawoda bir adam gelip, şereketiň girdejisini üç aýyň dowamynda üç esse ýokarlanar ýaly edip biljekdigini, özüniň bu hyzmaty üçin bolsa şerekete şärikligi şert goýýandygyny, eger sözünde tapylmasa, ömrüniň ahyryna çenli zawodda mugt işlejekdigini aýdypdyr. Alaçsyzlykdan ýaňa iki aýagyny bir gonja sokup oturan ýolbaşçylar barybir ýitirýän zadymyz ýok diýen pikir bilen ýaňky nätanyşyň şertini kabul edipdirler. Nätanyş olardan diňe boş «Marlboro» çilim gaplaryny sorapdyr. Zawodda bolsa, boş çilim gaplary gyryň daşy ýaly diýýär. Oňa boş çilim gaplaryny getirip beripdirler. Onsoň, ol çilim gaplary ýeke-ýekeden aýagy bilen basyp mynjyradypdyr we üç aýlap Amerikanyň dürli ýerlerine ýaňky mynjyradylan boş gaplary uçardan aşak taşladypdyr.
Şeýlelikde, «Marlboro» çilim gaplarynyň köp göze ilip başlamagy bilen adamlarda «Beýle köp çekilýän bolsa, bu üýtgeşik çilim bolmaly» diýen pikir döräpdir. Ine onsoň, «Marlboro» çekýänleriň sany köpelip ugrapdyr. Şereketiň girdejisi şol aýyň özünde bäş esse ýokarylanypdyr. Elbetde, şeýle ajaýyp pikiri orta atan adam şerekete şärik bolupdyr. Siz ony tanan bolsaňyz gerek? Ol Filip Morris.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.