Durmuşda iň uly aýlawa düşüp...

Durmuşda, iň uly aýlawa dűşűp,
Kä ýykyp,
kä bőkűp kőteller sőkűp,
Bir őműrlik şalyk,
şonçarak şatlyk,
Hem őzűmi tapdym gőzlerňe bakyp.

Goşa tarly dutar eken őmrűmiz-
Aýtdy muny, seniň menden daş gűnűň.
Geçmişe däl,
Seň gozleriň çuňuna,
Alyp gaçýar, seýle gelen ýaşlygym.

Saňa duşup,
Özgerdim men-
Gözlerim,
Dura-bara ak-garany seljerdi.
Sada kalbym boş wadalaň ýelkenin,
Götererden juda-juda telperdi.

Sen weli, özüňi asmana çenli,
Beýgeldip başardyň gőzüm alnynda.
Hoş gylygyň bilen baky ýerlediň,
Yşga teşne ýüregimde,
aňymda.

Saňa duşup,duýmadym men,
ýyllaryň,
Maňlaýa bagt ýazyp, saýlanyp barşyn.
Ýeke zady bilýän,
Olam seń yşgyń,
Ýüregńe deńleýär ýüregmiń urşun.

Aýgül PÜRLIÝEWA

3 лайков 100 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Margarita
20 июл 2022, 15:50
Aýgül Pürliýewanyň gowy goşgulary bar. Ýene paýlaşaýsaňyz. Gowy görýän şu şahyryň goşgularyny.