Salam gűlűm...

Salam gűlűm...

Salam gülüm...
Bu gűn ýolumda duşduñ,
Sessizje akdyryp didäñden ýaşyñ.
Ençe ýyldan soñam neçűýn sataşdyñ,
Műñ dűrli hasrata salyp bu başym.

Aglaýadyñ, ýalan söýgiñ ezýetin,
Gözleriñden akýan ýaşda görkezip.
Maña bolan yşkyñ bardy, meýletin,
Wadasyza meñzäp maña dözmediñ.

Özdiýenlim, çaga göwniñ kemsinip,
Nalaýamyñ ahmyr edip dűýniñe.
Senden etjek haýyşym bar, hamsygyp,
Iç-içinden indi öziñ gynama.

Señ durmuşyñ däldir maña gyzykly,
Indi meñ hem öz gűlim bar, dűnýäm bar.
Hasrat çeksem men bilen deñ gynanyp,
Şatlanaýsam bir owadan gűlýän bar.

Hoş gal.
Inni bu durmuşdan Göwniñ sowatma,
Dert çekenem dermanyny taparmyş.
Bir gapyny ýapsa Allam, unutma
Pursat berip hökman birin açarmyş!!!

Perman Halgylyjow
3 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.