Sýurpriz/hekaýa

Ýarygije.
Aşhanada hemme işlerini dynan aýaly, ilki pişik basyşyny edip, çagalaň ýatan otagyna bardy. Uklap galan ulusynyň başujunda henizem sesi pessaýda goýulgy kino görkezip duran smartfony öçürdi. Ortanjysynyňam gulagyndan gulaklygyny aýryp, oýun gidip duran telefonyny gyra süýşürdi. Körpesidir ondan ulusynyň üstüne ýorganjygyny örtdi.
Otagdan çykyp telewizorly otaga kellesini uzatdy.
Çyra öçürilgi. Ekrandan düşýän ýagta gyrpyldaýan alagaraňkylykdan doly otagda, äri diwanda telewizora üns bermän eltelefonyna güýmenip otyr. Oňa şeýlebir boýyn çümüpdir welin, daş-töwereginden bihabar.
Zenan, pisse dodaklaryna siňdirip, matallyja ýylgyrdy.
Sýurpriz etseňem gelişmän durjak dä ýaly...
Päsgel berjeg-ä ýok.
Geň galaýmaly, setanda-seýranda bir gün çagalaňam hemmesi irgözinden uklap galypdyr...
Hatyn, ýoldaşynyň ünsüni bölmezlik üçin emaý bilen yza tesdi-de, hammama ýöneldi...
...Birhaýukdan soňam, zenan How enäň lybasynyň üstünden endamynda ülpüldäp tolkun atýan, gysgajykdan ýukajyk ýüpekden ýatyş köýnegini geýip, yzyna dolandy. Assyrynlyk bilen henizem telefonyna başagaý bolup, töweregine üns bermeýän ýanýoldaşynyň üstaşyr seretdi. Onuň egnine eňegini goýup, gulagyna ýyly demini üfläp, pyşyrdamazynyň bir dem öňisyrasynda-da, smartfonyň ekranyna gözüniň gyýtagyny aýlady.
Dessine-de ekrandaky ýazgylara gözi ýelmeşdi:
“Barybereýinmi?!”.
“Geljek bolsaň, ýanyňdaky aýjynyňdan bir bahana bilen syp-da, gel-dä bahymrak. Halys gözümi ýolda goýduň-a, aý oglan!”.
...Zenan, höwrüniň gulagyna üflemek üçin mähirden doly kükregine dolduran deminem, diliniň ujuna mündüren muhabbetden püre-pür sözlerinem dem-düýt çykarman, kynlyk bilen yzyna – bogazyndan aňryk dartdy...
...Öňküsindenem bäşbeter sessiz basyş bilen otagdan yzyna çykdy...


Çeşmesi: ķitapcy.ru
Awtory: Serdar Ataýew
5 лайков 245 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
21 июл 2022, 21:44
turkmen dal oydyan gahrymanlar, sessizje gezyan barmyka beyle yagdayda!?
Toyly
21 июл 2022, 21:45
Gauzen dost,den rojdenyañda lişnirak içayipsiñ oýdýan!? arak ?
Yusup
21 июл 2022, 22:11
Aslynda geyen koynegi nacnushka bolmaly banyadan chykanson shony geyyaler kopusi
Jeni
21 июл 2022, 22:21
Anil Kapur.
Kopisi diyipsin kopini gorupsin oydyan
Toyly
21 июл 2022, 22:22
Цитата: Anil Kapur
Aslynda geyen koynegi nacnushka bolmaly banyadan chykanson shony geyyaler kopusi
Ba ,dost sen name jyklap duryarmyñ banya girip çykyanlary? :??
Mergen
21 июл 2022, 22:26
Цитата: yekeozi
Цитата: Anil Kapur
Aslynda geyen koynegi nacnushka bolmaly banyadan chykanson shony geyyaler kopusi
Ba ,dost sen name jyklap duryarmyñ banya girip çykyanlary? :??

hihi
Yusup
21 июл 2022, 22:35
yekeozi,

Jan dosdumjan goren zadymy aydayyn diyip goshgy barmy. Sholar yaly banyadan chykylanson tembolem gije bolsa nacnushka geyyalerda. Yenli koynegi chykarmak kyn bolyan eken kop gelinlere
Gauzen
Автор 21 июл 2022, 22:42
Цитата: yekeozi
Gauzen dost,den rojdenyañda lişnirak içayipsiñ oýdýan!? arak ?

Awtory men dälä ;) Men-ä ýöne ýetiräýin diýdim swist