Zenan

ZENAN

Zenan diýmek - eneňdir,
Ýary gije ýatandyr,
Daň saz berse dogandyr,
Aňzaklarda doňandyr,
Hor - zar etmejek bolup,
Gije - gündiz eňendir,
Sebäbi, ol eneňdir.

Zenan diýmek - uýaňdyr,
Ýúzúň nury, tuwagy,
Utanjaňdyr, haýaňdyr,
Ýagşy günde begenjiň,
Kyn günüňde söýäňdir,
Saňa geljek belanyň,
Öňüňdäki gaýaňdyr,
Sebäbi, ol uýaňdyr.

Zenan diýmek - ýaryňdyr,
Ömürlik ýanýoldaşyň,
Baýlygyňdyr, baryňdyr,
Alawlaýan ojagyň,
Namysyňdyr, aryňdyr,
Keşgiňi deň çekişýän,
Ýakyn howandaryňdyr,
Sebäbi, ol ýaryňdyr.

Zenan diýmek - gyzyňdyr,
Teşne kalbyň gandyrjak,
Aýdymyňdyr, sazyňdyr,
Ömre şatlyk getirjek,
Gül - gunçaly ýazyňdyr,
Ogul bilen deň durjak,
Dowamyňdyr, yzyňdyr,
Sebäbi, ol gyzyňdyr.

Zenan diýmek - dünýedir,
Adamzada dowamdyr,
Gelip - gidýän demiňdir,
Sorup alýan howaňdyr,
Zenan başy dik bolsa,
Ýaşaýşa gúwäňdir.
Ondan gymmat zat bolmaz,
Tumaryňdyr, dogaňdyr.
Çünki zenan - ýaryňdyr.
Çünki zenan - gyzyňdyr.
Çünki zenan - uýaňdyr.
Çünki zenan - ENEŇDIR.

Gurt NÄZLIÝEW.
10 лайков 165 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
TtDžumaýewa
02 ноя 2023, 16:46
in sonky bendi has gowy bolupdyr
Pegas
02 ноя 2023, 19:54
Gurt aga pahyr gowy adamdy. Şahandaz, köpçüliksöýerdi. Ruhy şat bolsun.
Гость
02 ноя 2023, 21:37
Näzliýew - bu nähili familiýa bolýa?

Näzli ady biz tarapda gyzlara dakýalar
Ahally
Автор 02 ноя 2023, 23:57
Гость, Arzuw ady hem oglanada gyzada dakylýar. Her zat bolup biler. Çynar atly oglanam bar.
Pegas
03 ноя 2023, 00:46
Гость
Näzliýew - bu nähili familiýa bolýa?

Näzli ady biz tarapda gyzlara dakýalar

Institutdakam Toýly, Maksat, Parahat atly gyzlar okaýardy)
Diamante_G
05 ноя 2023, 22:36
Ahally_24,
Pegas,
Adamzat ölmese her hili at goyjak )