Hekaýa

Dini hekaýalañ aýtmagna görä,
Adam yedi gezek dünýä gelermiş.
Nirede, kim bolup doguljagyny,
Goja dünýä birem Alla bilermiş.

Munda türkmen bolsañ, soñkuda nemes,
Bu gezek Maýasyn, soñ bolsa Maşa.
Dawid bolup biler, Dawut atlylar,
Sapar rusda dogsa, boljakmyş Saşa.

Bu dünýäde kim ya neneñ ýaşanyñ,
Diñe o dünýäde aýan boljakmyş.
Jumamy ýa Jonmy, Işanmy, Iwan,
Hemmelere bir den beyan boljakmyş.

Bu aytgylar cynmy ýa-da ýalanmy,
Hakyn gudratyndan, çaklama pesdir.
Cyn bolsa, yedi gez türkmen et Alla!
Din-imanym bilen ýaşaýyn ylla,
Yogsa o dünýäde galsamam besdir...

Kerim Hallyýew
6 лайков 158 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gauzen
22 июл 2022, 14:57
Like +++
Toyly
22 июл 2022, 15:00
Ber-beri ya indus bolanlaryñ pikiri nahilika?